Türkmenistan pensionerleri 'köpçülikleýin işden çykarýar'

Aşgabat, Awtobusa garşýan adamlar

«Türkmenistanyň Alternatiw habarlary» proekti Türkmenistanyň döwlete degişli edaralarynyň ählisinde pensiýa ýaşyna ýeten adamlaryň köpçülikleýin işden boşadylýandygyny habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, pensiýa ýaşyna ýeten raýatlary köpçülikleýin işden boşatmak Türkmenistanyň prezidentiniň geçen ýylyň 4-nji noýabrynda, Ministrler kabinetiniň mejlisinde beren görkezmesi esasynda amala aşyrylýar.

TAH, «işleýän pensionerlerden dynmak görkezmesiniň» prezidentden gaýdýandygyna delil hökmünde, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Çolukowyň gol çeken resmi hatynyň göçürmesini çap etdi. Emma Azatlyk radiosyna syýahatçylyk komiteti bilen habarlaşyp, bu aýdylýany tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmady.

Çolukowyň geçen ýylyň 11-nji noýabrynda gol çeken hatyndan çen tutulsa, pensionerleri köpçülikleýin işden boşatmak indi üç aýdan gowrak wagt bäri dowam edýär we TAH-yň çeşmesi bu prosesiň bireýýäm tamamlanan edaralarynyň hem bardygyny aýdýar.

Şol bir wagtda, göçürmesi çap edilen resmi hatdan görnüşine görä, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde pensionerleriň işden boşadylmagy iş ýagdaýy, ýagny bu pudaga daşary ýurt dillerini bilýän, ýokary hünärli işgärleriň zerurlygy, alynýan girdejileriň möçberini ýokarlandyrmak talaby bilen hem bagly.

Türkmen prezidenti soňky döwürde geçirýän hökümet maslahatlarynda, global ykdysady kynçylyklara salgylanyp, ministrlikleriň we wedomstwolaryň maliýe ýagdaýyny durnuklaşdyrmak, aýlyklary ýokarlandyrmak hakynda gaýta-gaýta gürrüň gozgaýar.

Emma muňa garamazdan,Türkmenistanda aýlyklar we pensiýalar indi ençeme ýyl bäri diňe her ýylyň başynda 10 prosent köpeldilýär we, ýerli synçylaryň sözlerine görä, bu diňe bazardaky nyrhlaryň azyndan iki-üç esse ýokarlanmagyna alyp gelýär.

Eger-de Türkmenistanda benziniň 2015-nji ýylyň başyndan 60 prosent gymmatladylandygyny, dollaryň resmi kursunyň 2,84 manat bolanlygyndan 3,50 manat edilip, häzirki günde gara bazarda azyndan iki esse gymmat satylýandygyny nazara alsaň, global ykdysady kynçylyklaryň garşysynda türkmen raýatlarynyň gün-güzeran derejesiniň goragynyň üpjün edilýändigi barada aýdylýanlara ynanmak kyn.

Azatlyk radiosy ýurt içinden gowuşýan maglumatlara esaslanyp, geçen ýylyň dowamynda nebit-gaz pudagyna degişli edara-kärhanalaryň ençemesiniň ýapylandygyny, başga bir topar edarada bolsa iş orunlarynyň çäklendirilendigini, işgärleriň bir toparynyň tölegsiz dynç alşa iberilendigini, bir topar işgäriňiş sagatlarynyň azaldylandygyny habar beripdi.

Emma türkmen metbugaty bu meseleler barada dymýar we ýurtda ne ilat ýazuwynyň netijeleri, ne-de işsizleriň sany aýdylýar. Ýöne baýramçylyklara gabatgünäsi geçilýän tussaglaryň möçberinden çen tutulsa, Türkmenistanda garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri görülmedik derejede ösen jenaýatçylygyň derejesi peselýär diýip boljak däl.

Resmi taýdan tassyklap bolmaýan habarlara görä, pensionerleriň köpçülikleýin işden boşadylmagy müňlerçe maşgalanyň güzeran ýagdaýyny has-da agyrlaşdyrar diýip çak edilýär. Azatlygyň ýerli habarçylarynyň tassyklamagyna görä, işsizleriň köpüsi onsuzam pensiýa alýan ene-atalarynyň hasabyna güzeran dolamaga çalyşýar.

2015-nji ýylyň noýabrynda çap edilen maglumatlara görä, Türkmenistanda adam ömrüniň ortaça uzaklygy 61 ýyl we türkmen raýatlary 62 ýaşanda pensiýa çykyp bilýär. Şol bir wagtda, Türkmenistan sebitde raýatlaryna iň az pensiýa berýän ýurt hasaplanýar.

Geçen ýylyň dowamynda ýurtdaky maliýe ýagdaýynyň, ykdysady kynçylyklaryň has çylşyrymlaşandygy, ilatyň güzeran ýagdaýynyň barha agyrlaşýandygy baradaky habarlaryň gapdaly bilen bir gowy habar hem eşidildi: 1-nji iýulda güýje giren kanuna laýyklykda, Türkmenistanda “işsiz” diýlen düşünje ilkinji gezek resmileşdirildi.

Bu kanunda “işsiz” hökmünde resmi hasaba alnan adama pul kömeginiň tölenjekdigi aýdylýar.