Tramp NATO goldaw bildirýär, harby harajatlary artdyrjagyny aýdýar

Prezident Donald Tramp Kongresiň bilelikdäki sessiýasynda çykyş edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO aýgytly goldaw yşaratyny etdi we harby güýçleriň maliýeleşdirilişini düýpli ýokarlandyrmaga çagyrdy. Şeýle-de ol “Amerikan ruhuny täzelemegi» wada berdi.

28-nji fewralda, Kongresiň bilelikdäki sessiýasynda eden ilkinji çykyşynda Tramp özüniň saýlaw kampaniýasy mahalynda içerki meseleler babatda beren wadalarynyň köpüsini gaýtalady.

Ol amerikan şäherleriniň gözden salynýandygyny, amerikan işçileriniň ejir çekýändigini, saglyk hyzmatlarynyň bahalarynyň asmana çykandygyny, ABŞ-nyň infrastrukturasynyň weýran bolýandygyny we immigrantlar bilen baglanyşykly jenaýatlaryň ýokarlanýandygyny aýdyp, aýak depdi.

Emma onuň sözlän sözünde daşary syýasat maksatlary babatynda birnäçe aýratynlyk göze ildi, şeýle-de ol «radikal yslam terrorçylygyny – hususan-da«Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerini ýok etmek» - baradaky çagyryşyny täzeledi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Tramp Kongresde sözlän sözünde Amerikanyň kuwwatly boljagyny aýtdy

“Men Goranmak departamentine «Yslam döwleti» toparyny, musulmanlary we hristianlary, ähli dinlere we ynançlara degişli aýal-erkekleri we çagalary gyrýan bikanun wagşylar guramasynyýykyp ýok etmek planyny işläp düzmegi tabşyrdym” diýip, ol aýtdy.

“Biz bu wagşy duşmany öz planetamyzdan süpürip aýyrmak, öçürmek üçin öz ýaranlarymyz bilen işleşeris, şol sanda özümiziň musulman dünýäsindäki dostlarymyz we ýaranlarymyz bilen işleşeris” diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.

Geçen ýylyň saýlaw kampaniýasy mahalynda Tramp özüniň NATO şertnamasynyň esasy düzgünine, bir agza edilen hüjümiň olaryň hemmesine edilen hüjüm hasaplanmalydygyna ygraryny sorag astyna saldy.

Bu ýagdaý ýaranlygyň köp agzasyny alada goýdy we Tramp bir sagatlyk çykyşynyň dowamynda olary ynandyrmak üçin birneme tagalla etmeli boldy.

Emma ol şol bir wagtda ýaranlygyň agzalarynyň NATO-nyň çykdajy-harajatlaryny deňeçer çekişmegi, ýagny bu ugurda has kän iş etmegi baradaky çagyryşyny hem gaýtalamagy unutmady.

“Biz NATO-ny, iki Jahan urşunyň seplerinde gurlan, faşizmi ýok eden, kommunizmi ýykan Sowuk uruşda ýeňen ýaranlygy berk goldaýarys” diýip, ol kanun çykaryjylaryň el çarpyşygy astynda aýtdy.

“Biz öz partnýorlarymyzyň, goý, olar NATO-da bolsun ýa-da Ýakyn Gündogarda, Ýuwaş okean sebitinde, tapawudy ýok, strategik we harby operasiýalarda gönümel we düýpli rol oýnamagyna hem-de çykdajylary deň çekişmegine garaşýarys” diýip, Tramp aýtdy.

Ýöne Trampyň sözünde «Yslam döwleti» topary we NATO agzalanda hem, daşary syýasatyň käbir aladalary ýa teklipleri barada asla hiç bir zat aýdylmady.

Mysal üçin, ol ýerde Orsýet ýa-da Ukrainadaky konflikt, Siriýada barýan uruş, Günorta Hytaý deňzinde Hytaý bilen aradaky dartgynlygyň ýokarlanmagy, Demirgazyk Koreýanyň raketa programmalary ýa-da beýleki gaýnap duran problemalar barada bir söz hem aýdylmady.

Respublikan prezidentiň sözlän sözüne demokratlaryň formal jogaby hökmünde, Kentukkiniň ozalky gubernatory Stiw Beşear Trampy Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlygyna Amerikanyň dosty bolmadyk Orsýetden abanýan çynlakaý wehimleri äsgermezlik etmekde, ABŞ-nyň ýaranlaryny bolsa kesekileşdirmekde aýyplady.

Şeýle-de Beşear Leksingtonda, nahar wagty eden çykyşynda Trampy amerikanlary elýeterli saglyk ätiýaçlandyrmasyndan mahrum etmek planlarynda aýyplap, ony «Wol stritiň çempiony» atlandyrdy, ýagny maliýeleşdirijilere we uly kompaniýalara aşa dostlukly bolmakda günäledi.

“Meniň pikirimçe, biziň şu günki içinde ýaşaýan dünýämizde, sanksiýalar bilen bagly sähel ýatlap, Eýrany agzaman, Orsýeti agzaman, Hytaýy agzaman, Demirgazyk Koreýany agzaman, - ol özüniň amerikan prezidenti hökmünde baş galdyrmaly zatlaryny, örän çynlakaý aladaly nokatlary gözden salýana çalym edýär” diýip, Waşingtondaky Bruklin institutynyň dolandyryş barlaglary boýunça uly ylmy işgäri Jon Hudak aýtdy.