Halkara hukuk goraýjy guramasy bolan Amnesty International (AI) dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky ýyllyk hasabatyny çap edip, Türkmenistanda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulanmaýandygyny aýtdy.
Hasabatda dünýäniň 159 ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn berilýär we hususan-da öňki sowet giňişligindäki ýagdaýdan, ýagny bu sebitde başga pikirliler we syýasy oppozisiýa babatdaky repressiýanyň dowam edýänliginden alada bildirilýär.
2016-njy ýylyň aprelinde «Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin milli hereket planynyň» kabul edilendigine garamazdan, ýurtda adam hukuklary ýagdaýy gowulaşmady diýip, hasabatyň Türkmenistan bölüminde aýdylýar.
Hasabatyň awtorlarynyň bu netijä gelmeginiň ilkinji sebäpleriniň biri ýurtda garaşsyz raýat jemgyýetiniň wekilleriniň öz işini etmek azatlygyna eýe bolmazlygy, ýurda adam hukuklary babatdaky ýagdaýy öwrenmek üçin garaşsyz ekspertleriň gelmegine ýol berilmezligi bilen bagly.
Öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu hasabat döwründe hem Türkmenistanda söz, pikir aýtmak, birleşmek we din azatlygy berk çäklendirildi, hereket azatlygyna girizilen çäklendirmeler hem saklanyp galdy.
Şol bir wagtda döwlet köpçülikleýin habar serideşelerine kontrollygy dowam etdirdi, häkimiýetler garaşsyz žurnalistleri, şol sanda olaryň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýanlaryny hem yzarlamagy, gorkuzmagy dowam etdirdi.
Neşe aýyplamalary esasynda türmä basylan garaşsyz žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew azatlyga goýberilmedi, internete girýänler yzarlandy we çäklendirildi, sosial ulgamlar köplenç petiklengi galdy diýip, hasabatda aýdylýar.
Şeýle-de hasabatda ýurtdaky mejbury zähmet praktikasynyň, býujet işgärlerini, şol sanda mekdep mugallymlaryny, saglyk edaralarynyň işgärlerini we döwlet gullukçylaryny pagta ýygymyna çykmaga mejbur etmegiň, bu işe çagalaryň hem çekilmeginiň dowam edendigi aýdylýar.
Ýurduň täze kabul edilen konstitusiýasy bilen baglylykda, prezidentlik möhletiniň ýedi ýyl çenli uzaldylandygy, prezidentiň aňry ýaş çäginiň aýrylandygy bellenilip geçilýär.
AI 2002-nji ýylda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen adamlaryň ýerleşýän ýerleriniň henizem nämälim bolup galýandygyny aýdýar.
Şeýle-de hasabatda din azatlygynyň çäklendirilişi, häkimiýetleriň sakgally erkekleri tutup, olary dini ynançlary we adatlary boýunça sorag edişleri, dini guramalary hasaba aldyrmak düzgüniniň berkidilendigi bellenilýär.
Türkmenistan türme şertleriniň ýaramazlygy, adam gynamalary we beýleki ýowuz daraşma usullary boýunça hem uzak wagt bäri tankyt edilýär we bu ýagdaý täze hasabatda hem bellenilipdir.
«Türmeler tussagdan doly, olary ýaramaz naharlaýarlar. Tussaglaryň käbiri ýerde ýa-da türmäniň howlusynda, açyk howada ýatmaly bolýar. Tussaglaryň arasynda inçekesel bilen kesellänler köp we olara hemişe zerur bolan medisina ýardamy berilmeýär» diýip, hasabatda aýdylýar.
Şeýle-de hasabatda kanun goraýjy işgärleriň adam gynaýyşlary barada gowuşýan habarlar kesilmedi, olar şu hili ýowuz daraşma usulynda tussag edilenlerden başga adamlaryň garşysyna “görkezme” alýarlar diýilýär.
Halkara hukuk guramasy Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurtlara çykmak hukuklaryny eden-etdilikli çäklendirmegiň hem saklanyp galandygyny belleýär.