Hijaply şaolin söweşijileri
Bu kluby 2015-nji ýylda 20 ýaşyndaky Sima Azimi atly gyz döredipdir.
Aziminiň ýanynda 14-20 ýaşlaryň arasyndaky gyzlar türgenleşýär.
Azimi söweş sungatyny Eýranda öwrenipdir. Ol, ene-atasy bilen Eýrana bosgunlyga giden ekeni.
Ol "Wuşu" söweş sungaty bilen meşgullanýan ilkinji zenan däl. Hytaýly dindar zenanlar owaldan bäri bu söweş sungatynyň ähli tilsimlerini bilýärdi. Käbir imperatorlar şol zenan söweşijilerden özlerine janpena saýlap alypdyrlar.
Aziminiň aýtmagyna görä, ol munuň üsti bilen "Owganystanda zenanlar bilen erkek adamlaryň deňhukuklygyny ýola goýmagy we ýurtda zenanlara garşy edilýän zulumlaryň hem öňüni almagy" maksat edinýär.
Azimi, “Wuşu” bilen bilelikde gyzlara özüňi goramagy hem öwredýär.
Bu tälimler onuň şägirtleri üçin edil halasgär ýalydyr. Sebäbi Owganystanda "namys üçin" diýip edilýän jenaýatlar diýseň ýaýrandyr.
"Namys jenaýatlarynyň" pidalary köplenç diýen ýaly zenanlar bolýar. Adam hukuklary baradaky guramalaryň hasabatyna görä, 2015-nji ýylda Owganystanda azyndan 241 zenan öz maşgala agzasy tarapyndan "namys jenaýatyna" pida edilipdir.
Bu ýerde ylaýta-da öz halaşýan adamy bilen durmuş gurmaga synanyşýan, öz ene-atasynyň saýlap alan adamyna durmuşa çykmaga garşy bolan zenanlar öz maşgala agzalary tarapyndan öldürilýär.
Azimi şeýle gürrüň berýär: "Dogrusyny aýtmaly bolsa, gyzlar owal türgenleşige gelmäge gorkýardy. Häzir bolsa 20 sany gyz kämilleşen derejede ýanymda türgenleşik geçýär".
Ene-atalar bolsa öz gyzlaryndan hoşal. Aziminiň kakasy Rahmatulla hem käwagt sport klubynda sapaklar berýär. Ol: "Men öz gyzyma diýseň buýsanýaryn we mundan beýläk hem men ony goldamaga dowam ederin" diýýär.