Birleşen Ştatlaryň şikaýat kazyýeti prezident Donald Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurtdan bolan bosgunlara we syýahatçylara ýurda ýol bermezlik boýunça girizen wagtlaýyn gadaganlygyny ret etmek bilen täze administrasiýanyň immigrasiýa garşy syýasatyna agyr zarba urdy.
San Fransisko kazyýetiniň kollegiýasy höküm çykaryp, aşaky suduň gadaganlygy wagtlaýyn togtatmak baradaky kararyny tassyklady, ozal ýurda goýberilmedik syýahatçylaryň Birleşen Ştatlara girmegine ýol berdi.
Bu barada garşylyknama bilen Birleşen Ştatlaryň Ýokary kazyýetine ýüz tutulmagy äthimal.
Tramp kazyýetiň kararyna Twitterde dessine jogap berip: “Kazyýetde görüşeris. Milletimiziň howpsuzlygy hatar astynda” diýip ýazdy. Ol soňra hem kazyýetiň hökümini “syýasy” diýip ret etdi.
Gadaganlyga garşy kazyýetde dawa açan ştatlaryň biri bolan Waşingtonyň gubernatory Jaý Inslee hem muňa: “Jenap prezident, biz sizi ýaňyja kazyýetde gördük we ýeňdik” diýip jogap berdi.
Şikaýat kazyýetiniň kazylary Trampyň gadaganlyk kararynyň gyssagly güýje girmeginiň zerurdygy hakda hökümetiň hödürlän hiç hili subutnamasy ýok diýýärler. Olar şeýle hem hökümetiň immigrasiýa syýasatyna kazyýetiň garamaga ygtyýarlygy ýok diýýänini hem ret edýärler.
Kazylaryň bellemegine görä, Amerikanyň gadaganlyga garşy ştatlary adamlaryň din sebäpli ala tutulmagynyň nädogrudygy hakda “çynlakaý deliller” bilen kazyýete ýüz tutupdyrlar. Trampyň adminstrasiýasy tarapyndan bolsa, ählihalk howpsuzlygynyň hatar astyndadygy barada hödürlenen hiç hili subutnama bolmandyr.
Kazylar, aýratyn-da, adminstrasiýanyň hökümetiň kararynda ady getirilen ýurtlardan bolan hiç bir adamyň Birleşen Ştatlarda “terrorçylykly hüjümi” amala aşyrandygy hakda hiç hili subutnama bermändigini aýdýarlar. Gadganlyk sanawyna girizilen ýurtlar Eýran, Yrak, Sudan, Somali, Liwiýa, Ýemen we Siriýa.
Kazyýet, mundan başga-da, hökümetiň kararyna garşy ştatlaryň we adamlaryň prezident tarapyndan edilen dürli beýanatlary kazyýete hödürländikilerini aýtdy. Bu beýanatlar bolsa, Ak tam bu hökümde yslama uýýanlar nyşana alnanok diýse-de, prezdentiň maksadynyň “Musulman gadaganlygyny” amala aşyrmakdygyny görkezýär.
Kazyýetiň kararynda şeýle diýilýär: “Bir tarapdan, halk milli howpsuzlygy we saýlanan prezidentiň bu ugurda gerekli syýsatlary ýöretmegini isleýär. Beýleki tarapdan bolsa, jemgyýetçilik maşgalalar biri-birinden aýrylman, ala tutulman syýahatyň erkin dowam etmegini islýär”.
Şikaýat kazyýetiniň kollegiýasy üç kazydan ybarat. Bularyň ikisi Demokratik partiýa degişli bolan prezident Jimmi Karter bilen Barak Obama tarapyndan, beýlekisi hem respublikan prezident Jorj Buş tarapynda bu wezipä bellen adamlar.
Tramp administrasiýasy çykarylan karary şikaýat etjek bolsa 14 gün wagty bar.