Türkmenistanda prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda bazarlardaky harytlaryň bahalaryna gözegçilik güýçlendi.
“Eýýäm, ençeme günden bäri salgyt gullugynyň, şäher häkimliginiň we söwda edaralarynyň wekilleri aýlanyp, harytlary belli bir nyrhdan, bazar bahasyndan has arzan satdyrýarlar” diýip, paýtagtyň il içinde “Mir bazary” atlandyrylýan söwda merkeziniň söwdagärleriniň biri Mergen (ady üýtgedilen – red.) gürrüň berdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, eýýäm ençeme ýyldan bäri Aşgabadyň bazarlarynda azyk, gök bakja önümleriniň öňünde bir baha görkezilip, iş ýüzünde olar 40-60% gymmat satylýarlar. Mysal üçin, “Mir bazarynda” 1 kilogram käşiriň bahasy bäş manat diýlip görkezilmegine garamazdan, ol 7 manatdan satylýar; 1 kilogram soganyň dört manatdygy aýdylsa-da, ol 6 manatdan satylýar.
“Hökümet wekilleri ‘palan bahadan satyň’ diýip tabşyrýarlar. Biziň hem bir harytdan baýamak niýetimiz ýok. Biz-de bazaryň şertlerine görä nyrh kesýäris. Bahany hökümetiň kesgitlemegi bizi zyýana goýýar” diýip, Mergen nägileligini bildirdi.
Ol ozallar ‘nyrh barlagçylarynyň’ her aýda bir gezek aýlanandygyny, häzir bolsa, olaryň günde we uzakly gün nyrhlara gözegçilik edýändiklerini aýtdy: “Barlagçylar tä prezidentlik saýlawy geçip dynýança boljaklarmyş”.
Mergen hökümet wekilleriniň bahalara garyşmagyna garşy nägileligini açyk bir görnüşde beýan etmekden heder edýändiklerini hem nygtap geçdi. “Olaryň sözüne garşy açyk gidip bolmaýar. Arz etseň, o ýa bu bahana tapyp, söwda lisenziýaňy eliňden alaýýarlar” diýip, ol sözüne goşdy.
Belläp geçsek, Türkmenistanda möhüm syýasy wakalaryň ýa-da prezidentiň sebitlere edýän saparynyň öňüsyrasynda bazarlardaky nyrhlara gözegçiligiň güýçlendirilýändigi ýaly ýagdaýlara ýygy-ýygyndan duş gelinse bolýar.
Meselem, geçen aýyň aýagynda prezident G. Berdimuhamedowyň Daşoguza sapar etmeginiň öňüsyrasynda, ýerli resmiler bazarlara aýlanyp, harytlaryň kesgitlenen nyrhdan ýokary satylmazlygyna gözegçilik edipdiler.
Galyberse-de, türkmen häkimiýetleriniň söwdagärlere basyş edip, nyrhlary kesgitli bir görnüşde saklamak ugrundaky tagallalary, ýurtda käbir harytlaryň ýiti gytçylygyna we bahalarynyň telim esse ýokarlanmagyna gabat geldi.