Prezidentiň kasamyndan Türkmenbaşynyň ady aýryldy

Aşgabat, "Ruhnama" dikilen ýadygärlik

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji ýanwarda «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakyndaky» kanuna gol çekip, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazowyň we türkmenleriň nesilbaşysy diýilýän Oguz hanyň atlarynyň agzalýan ýerlerini azaltdy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda çap edilen düzedişlerden görnüşine görä, saýlanan prezidentiň wepadarlyk kasamynyň täze redaksiýasynda prezidentiň «...türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriň şöhratyny has-da belende götermekleri üçin ähli mümkinçileri peýdalanmaga» kasam edýändigi aýdylýar.

«Gündogar» habar saýty kasamyň bu jümlesindäki esasy täzeligiň ýa düzedişiň rowaýaty şahs bolan Oguz hanyň adynyň aýrylyp taşlanmagy bilen baglydygyny belleýär.

Neşiriň tassyklamagyna görä, ozal türkmen prezidenti «...türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň Oguz hanyň neberleriniň şöhratyny has-da belende götermekleri üçin ähli mümkinçileri peýdalanmaga» kasam edýärdi.

«Gündogar» saýtynyň tassyklamagyna görä, türkmen prezidentiniň wepadarlyk kasamyndaky ikinji üýtgetme kasamdan Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adynyň aýrylyp taşlanmagy bilen bagly.Ýagny indi prezident ähli güýjüni we ukybyny «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ata-babalaryň egsilmez ruhy mirasyndan gözbaş alýan wesýetlerini baky dabaralandyrmagyň hatyrasyna» gönükdirmeli bolmaz.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analitigi Brýus Panniýer bu üýtgeşiklikleri prezident Berdimuhamedowyň indiki ýedi ýyl möhletine,«täze altyn» asyryna görýän taýýarlygy bilen baglanyşdyrýar.

«Meniň pikirimçe, bu belki-de başlanmagyň öň ýanynda duran täze altyn asyr we indi ol ýerde geçmişe, rowaýaty şahslara salgylanyp durmak zerurlygy az bolup görünýän bolmaly» diýip, Panniýer aýtdy.

Şol bir wagtda-da ol ozal Oguz hanyň türkmen halkyna hakyky ýaşap geçen we beýik şahs hökmünde wagyz edilendigini belläp, indi birden onuň adyny çyzmagyň nämä gerek bolandygyny bilmeýändini boýun aldy.

Ýöne ekspert prezidentiň kasamyndan Nyýazowyň adynyň aýrylmagyna asla geň galmaýar.

«Türkmenbaşynyň ýogalanyna on ýyldan gowrak wagt geçdi, kasamyň bu böleginiň aýrylmagy Berdimuhamedowyň indi ilkinji prezidente salgylanmak zerurlygyny duýmaýandygy bilen bagly» diýip, Panniýer aýdýar.

Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, Berdimuhamedow hiç wagt Nyýazowyňsyýasy mirasyna açyk tankydy baha bermedi, ýöne ol ýuwaş-ýuwaşdan onuň portretlerini, adynyň dakylan ýerlerini azaldýar we ýaşlaryň, halkyň aňynda özi üçin ýer taýýarlaýar.

Ozalky ilçiniň pikirine görä,Berdimuhamedowyň rowaýaty Oguz hanyňadynyň ulanylýan ýerlerini azaltmaga synanmagy hem onuň bar ünsi diňe özüne gönükdirmek islegi bilen bagly.

Berdimuhamedowyň ilkinji prezident Nyýazowyň şahsyýet kultuny gowşatmak ugrunda edýän hereketleri ozal onuň Aşgabadyň ortasyndaky altyn çaýylan heýkelini şäheriň çetine göçürmegi, «Ruhnama» kitabyny okuw programmasyndan aýyrtmagy bilen göze ilipdi.

Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistanyň döwlet baştutany Nyýazowa garanda kitap ýazmakda hemozdurdy we indi türkmen mekdeplerinde üçünji möhlet prezidentlige dalaş edýän Berdimuhamedowyň eserleri öwrenilýär.