Özbek-türkmen serhedi Mirziýaýewiň Horezme saparynyň öň ýanynda açyldy

Türkmen-özbek serhet geçelgesi

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň Horezm welaýatyna saparyna iki gün galanda, serhetýaka ilata özbek-türkmen serhedinden üç günlük wizasyz geçip-gelmäge ýol açyldy.

Mundan dört ýyl ozal, Özbegistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda serhet geçelgesi ýapylyp, iki goňşy ýurduň ilatyna gysga wagtlyk wizasyz geçip-gelmek düzgüni ýatyrylypdy.

Azatlyk Radiosynyň özbek gullugy bilen gürrüňdeş bolan, özüni Mustafa diýip tanadan raýatyň aýtmagyna görä, “Şabat” serhet geçelgesinden adamlar goňşy Türkmenistana geçýärler. Iki ýurduň arasyndaky serhet 25-nji ýanwarda açylypdyr.

– Biziň adamlarymyz üçin, özbek-türkmen geçelge punkty hem gümrük gullugy 25-nji ýanwarda täzeden açyldy. Häzir biziňkiler hut öňküker ýaly aýda bir gezek Türkmenistana üç günlük wizasyz baryp gelýärler. Bu biziň prezidentimizň tagallasy bilen ýola goýlandyr diýip hasaplaýarys – diýip, horezmli Mustafa biziň habarçymyza aýtdy.

Şabat etrabynyň häkimliginden, adyny mälim etmedik bir wekil hem Azatlyk Radiosyna iki ýurduň raýatlary özbek-türkmen serhedinden arkaýyn geçip bilýärler diýen maglumaty tassyklady.

– Indi millet üçin ýeňil boldy. Sebäbi adamlaryň köpüsinde serhediň iki ýüzünde-de garyndaşlary ýaşaýar. Kim Türkmenistandan gelin edinipdir, kim Özbegistandan. Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýaňadan dikeldilmegine millet diýseň begenýär – diýip, etrap häkiminiň wekili aýtdy.

Türkmenistan bilen serhede ýakyn ýerde ýaşaýan Şabat etrabynyň bir ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, şu günki günde ýönekeý ilat ýene bir meselede kösenýär, bu serhetden geçmek tölegidir.

– Men mundan dört ýyl ozal Türkmenistana gidipdim. Soňra serhet bütinleý ýapyldy. Indi bolsa köpler munuň açylandygyndan habarsyz. Ilaty serhedi geçmek tölegi alada goýýar. Olar 8 dollar tölemeli. Bu biziň pulumyzda 56 müň som, o bolsa pes aýlygyň üçden bir bölegi. Ýöne millet öz ýakynyny görmek üçin, ol puly tölemäge kaýyl – diýip, şabatly raýat aýdýar.

70 ýaşly horezmli Ýuldaş babanyň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, onuň garyndaşlarynyň aglaba bölegi Türkmenistanda ýaşaýar.

– Ol ýerde meniň ýoldaşlarym, garyndaşlarym ýaşaýarlar. Olary dört ýyllap görmedim. Ýaňy serhediň açylanyny eşitdim. Muňa oturyp begenýän. Alla ýol berse, ýakynda Türkmenistana baryp geljek.

2004-nji ýylda iki taraplaýyn gol çekilen ylalaşyga görä, serhet ýakasynda ýaşaýan Özbegistanyň hem Türkmenistanyň raýatlaryna goňşy ýurda üç günüň dowamynda wizasyz geçmäge rugsat berlipdi. Ýokarda belleýşimiz ýaly, bu düzgün 2013-nji ýylda, Özbegistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýatyryldy.

Şondan soňra Özbegistanyň raýaty Türkmenistana gitmeçi bolsa ýa-da Türkmenistanyň raýaty Özbegistana geçmekçi bolsa, hökman ýurtlaryň paýtagtyndaky ilçihana ýüz tutup, goňşy döwlete gidip-gelmek üçin wiza almalydy.

Ürgenç şäherindäki “Najot” atly hukuk goraýjy guramanyň ýolbaşçysy Haýytbaý Ýakubowyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Özbegistanyň hem Türkmenistanyň serhet ýakasynda ýaşaýan ilatyň garyndaşlygy müň ýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. “Häzirki wagtda serhet ýapylmagy sebäpli adamlar hatda öz garyndaşlarynyň mazaryna zyýarata baryp bilmediler” diýip, Haýytbaý Ýakubow aýdýar.

Türkmenistanyň Daşoguz hem Lebap welaýatlarynda özbekler gadymdan ýaşap gelýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýarym million etniki özbek ýaşaýar, bu bolsa ýurduň ilatynyň 12 %-ini düzýär.

Şol wagtda 150 müň etniki türkmen Özbegistanyň serhet ýakalarynda, hususan-da, Horezm we Surhanderýa welaýatlarynda we Garagalpagystanda ýaşaýar.

Horezm, Kaşgaderýa, Buhara oblastlarynyň, şeýle hem Garagalpagystanyň Türkmenistan bilen umumy serhedi bolup, onuň iki respublikanyň arasyndaky uzynlygy 1650 kilometre ýetýär.