Tereza Meý: Putin bilen işleş, 'emma habardar bol'

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meýiň 26-njy ýanwarda Birleşen Ştatlarda aýtmagyna görä, Günbatar Orsýet bilen iş salyşmaly, ýöne Moskwanyň niýetleri barada seresaply bolmaly.

Meý amerikan prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmazdan öň Respublikan partiýasyna degişli kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda öňki prezident Ronald Reýganyň sowet kärdeşi Mihail Gorbaçew bilen gepleşiklere nähili çemeleşendigine salgylandy

“Orsýet barada aýdanyňda, köplenç bolşy ýaly, paýhasly hereket prezident Reýgany görelde edinmekdir. Ol öz kärdeşi Mihail Gorbaçew bilen alyp baran gepleşiklerinde “ynam et, ýöne barla” diýen nakyla eýerdi” diýip Meý aýtdy.

Ol soňra hem: “Prezident Putin barada meniň öwüdim şu: iş salyş, ýöne seresap bol” diýip sözüniň üstüne goşdy.

Britaniýanyň premýer-ministri bu beýanatlary Tramp bilen Filadelfiýada geçmeli duşuşygyň öň ýanynda etdi. Duşuşyk amerikan prezidentiniň öten hepde wezipe başyna geleli bäri çet ýurtly bir lider bilen geçirýän ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygydyr.

Meý bu çykyşdan peýdalanyp, terrorizm ýaly global problemalara çemeleşmekde iki ýurt arasyndaky “aýratyn gatnaşygyň” möhümdigini nygtady.

“Ýolbaşçylyk üçin biz – iki ýurt bilelikde- jogapkärdiris. Sebäbi, beýlekiler ilerlände biz yza çekilsek, onda bu Amerika üçin, Britaniýa we bütin dünýä üçin gowy bolmaz” diýip, Meý eden çykyşynda aýtdy.

Ol şol bir wagtyň özünde-de: “Ýöne bu geçmişiň başa barmadyk syýasatlaryna dolanmalydygyny aňladanok” diýdi.

“Britaniýa bilen Amerikanyň dünýäni öz göz öňüne getirişlerine görä guramak maksady bilen özbaşdak ýurtlaryň içeri işlerine garyşan döwri ötdi. Ýöne abanýan howp hakyky bolup, garyşmak bähbidimize bolan mahalynda hiç bir iş etmän çetde durup bilmeris” diýip Meý belledi.

Ol Eýran bilen baglaşylan we Trampyň berk tankytlaýan ýadro ylalaşygyny gorady. Ýöne Eýranyň ýadro programmasyny jylawlamagyň öwezine Tähranyň garşysyna girizilen sanksiýalary ýeňletmek işi örän seresaply we berk gözegçilikli bolmaly.

Meý Orsýeti berk tankytlap, aýratyn-da onuň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegini “bikanun” diýip atlandyrdy.

Tramp terrorizme garşy göreş we Siriýa ýaly meselelerde Orsýet bilen köpräk hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini aýdýar. Ol saýlaw kampaniýasynda Obama adminsrtasiýasynyň anneksiýa jogap edip, Moskwanyň garşysyna girizen sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň hem mümkindigini aýtdy.

Saýlawyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklary Tampyň saýlanmagyna kömek etmek maksady bilen Orsýetiň kiber hüjümlerini amala aşyrandygyny aýtdylar.

Kreml bu aýdylanlary ret edýär.Tramp bäsdeşi Hillari Klintonyň kampaniýasyna garşy gönükdirilen kiber hüjümleriniň aňyrsynda Orsýetiň ýatan bolmagy mümkin, ýöne bu hüjümleriň saýlawyň netijelerine eden täsiri ýok diýýär.

Tramp şeýle hem NATO “köneldi” diýmek bilen Gündogar Ýewropanyň bu ýaranlyga agza ýurtlaryny aladalandyrdy.

Meý eden çykyşynda regiondaky ýaranlary berk goldap, Günbatar “Orsýet bilen goňşy ýurtlara olaryň howpsuzlygynyň sorag astynda däldigi hakda arkaýynlyk bermeli” diýdi.

“Biz prezident Putiniň bu özüniň täsir çygryna degişli diýmegini kabul edip, prezident Reýgan we [Britaniýanyň öňki premýer-ministri] Tetçeriň Gündogar Ýewropa getiren erkinligini howp astyna salmaly däldiris” diýip Meý aýtdy.

Ol soňra hem: “Orsýet bilen Günbataryň arasyndaky konflikt gutulgysyz diýen zat ýok, Sowuk uruş döwrüne dolanmak dolanuwsyz diýen zat ýok” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

“Ýöne biz Orsýet bilen güýçli pozisiýadan iş salyşmaly, konflikte däl-de hyzymatdaşlyga mümkinçilik döretjek gatnaşyklary, sistemalary we prosesleri gurmaly”.