Gyrgyz sudy aktiwistiň ömürlik türme tussaglygyny güýjünde galdyrdy

Azymjan Askarow

Gyrgyz kazyýetiniň adam hukuklary aktiwisti, milleti özbek Azymjan Askarowyň ömürlik türme tussaglygy baradaky karary öz güýjünde galdyrmagy halkara derejesinde tankyda uçrady.

24-nji ýanwarda Bişkegiň Çuý oblast kazyýeti Askarowy 2010-njy ýylda ýerli özbekler we gyrgyzlar arasynda turan gan döküşikli çaknyşyklarda etniki ýigrenji tutaşdyrmakda we bir polisiýa işgäriniň öldürilmegine gatnaşmakda ýene günäli tapdy.

Suduň başlygy Kidik Junuşpaýew kazyýet Jelalabat kazyýetiniň günäli diýip, 2010-njy ýylda çykaran kararyny makullady diýdi.

Kazyýetiň karary okalanda, 66 ýaşly Askarow muňa protest bildirip, açlyk yglan etjekdigini aýtdy.

Onuň aklawçysy bolsa suduň karary barada şikaýat bilen Ýokary kazyýete ýüz tutjakdygyny bildirdi.

Askarowyyň aklaw tarapyna degişli, adam hukuklary boýunça aktiwist Tolekan Ysmaýylowa kazyýetiň kararyny “syýasy karar” diýip atlandyrdy.

Iýul aýynda Ýokary kazyýet Askarowyň işi boýunça 2010-njy ýylda çykarylan hökümi ýatyryp, “ýüze çykan täze ýagdaýlary” göz öňünde tutup, gaýtadan garalmagy üçin, ony yzyna - aşaky kazyýete iberdi.

Baş kazyýet bu karary çykarmazdan öň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary komiteti Askarowyň eden-etdilik bilen tussag edilendigini, urlup-ýenjilendigini we adalatly proses hukugyndan mahrum edilendigini aýdyp, Gyrgyzystany ony boşatmaga çagyrdy. Komitet şeýle hem jenaýat derňewinde prosesural bidüzgüçilikleriň bolandygyny aýtdy.

Askarowň işine 4-nji oktýabrda täzeden garalyp başlandy. Ol bildirilýän aýyplamalaryň syýasy sebäplidigini, özüniň polisiýa we türme işgärleriniň adam hukuklaryny bozmagyny paş etmek boýunça iş alyp barandygy üçin sud edilýändigini aýdýar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramalar Askarowyň işine täzeden garalmagyny köp wagt bäri talap edip gelýärler. Bu mesele dürli halkara duşuşyklarynda prezident Almazbek Atambaýewe hem aýdyldy.

2015-nji ýylda Amerikanyň döwlet departmenti Askarowy “Adam hukuklarynyň goraýjysy” baýragy bilen sylaglady. Bu hem Gyrgyzystanyň Waşington bilen bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ylalaşygyny ýatyrmagyna sebäp boldy.

2010-njy ýylyň aprel aýynda prezident Kurmanbek Bakiýewiň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginiň yz ýany günorta Gyrgyzystanda turan etnikara zorluklar zerarly köpüsi özbeklerden ybarat 450-den gowrak adam öldi, on müňlerçe adam hem öý-öwzaryny taşlap gaçmaly boldy.