Çilim nobatyna duranlar soraga çekilýär

Türkmen howpsuzlyk gulluklary bir adamy soraga äkidip barýarlar. Arhiwden

Daşoguzda çilim nobatlarynda duran adamlar ýerli polisiýa wekilleri tarapyndan soraga çekilip başlandylar.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, polisiýa ýüzlerçe adamlyk nobatlardan ençeme adamy saýlap, olaryň çilimi özi ýa-da başga biri üçin alýandygy bilen gyzyklanýarlar.

“Meni nobatdan çykaryp, polisiýa edarasynda gödek gürleşdiler. Çilimi özüm üçin alýandygymy aýtsam-da, hamana ‘elimde tutan’ ýaly edip, töhmet atyp başladylar” diýip, köneürgençli Perhat Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň birine gürrüň berdi.

Perhat polisiýanyň soňy bilen çilimiň başga nirelerde, gizlin satylýandygy bilen hem gyzyklanandygyny aýtdy. Ýatladyp geçsek, geçen ýyldan bäri temmäki önümlerini resmi ýagdaýda diňe döwletiň öz dükanlarynda satmak rugsat edilýär.

“Başga özgeräk çilimi çekip barýany görselerem, polisiýa ony saklap, çilimi nireden alandygyny soraýar. Olar ‘aýtmasaň, çilimiň kontrabandasy bilen [türmä] gidersiň’ diýip, gorkuzýarlar” diýip, Perhat sözüne goşdy.

Bu aralykda, býujet işgärleriniň çilimiň we beýleki gyt azyk harytlarynyň nobatlarynda durmaly däldigi baradaky görkezmeleriň fonunda, häzir şeýle nobatlarda görlen döwlet işgärlerinden düşündiriş soralyp başlanandygy aýdylýar.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 40-njy mekdebiniň mugallymy dükandan çilim alanynyň ertresi güni ýerli polisiýa edarasyna çagyrylandygyny aýtdy.

“Bu ýyl Sagdynlyk we Ruhybelentlik ýyly diýlip yglan edildi. Sen näme bu syýasata garşy çykýaňmy?’ diýip, polisiýada üstüme gygyrdylar. Indi nobatlarda görünäýsem işimden çykaryljakdygymy aýtdylar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran 50 ýaşlaryndaky mugallym gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan polisiýa işgärleriniň özleri-de çilim nobatlaryna duranlara gözegçilik etmek we olara ‘haýbat atmak” boýunça buýrugyň bardygyny aýtdylar.

“Bize hem her gün gije ýaryna çenli dükanlaryň öňündäki kameralaryň alan ýazgylaryna seredip, çilimiň nobatyna duran býujet işgärlerini tapmagy buýurdylar. Soňra olar bilen düşündiriş işlerini geçiren ýaly edip, gorkuzmagymyzy tabşyrdylar” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýerli polisiýa wekilleriniň biri gürrüň berdi.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, türkmen häkimiýetleriniň çilim söwdasyna garşy girizen ençeme tapgyr çäklendirmeleriniň netijesinde, häzir ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda-da çilimiň ýüzlerçe adamlyk nobatlary döredi. Resmi satuwy rugsat edilen döwlet dükanlarynda adam başyna bir gutudan artyk, aýallara bolsa asla-da temmäki önümi satylmaýar.

Döwletiň söwda nokatlarynda çilim söwdasynyň günüň dowamynda diňe birnäçe sagat dowam etmegi, “çilimiň gara bazarynyň” döremegine-de getirdi.