Türkmenistanyň dürli sebitlerinde häzir mallaryň arasynda sibir başy wirusynyň tutuşandygyny we soňky birnäçe hepdäniň dowamynda infeksiýa ýolugan onlarça hojalyk mallarynyň ölendigi dogrusynda maglumatlar gelip gowuşýar.
Daşogzuň Boldumsaz etrabynyň Dostluk obasynyň ýaşaýjysy Resul gapysynda saklaýan 30-a golaý towugynyň ählisiniň birden harap bolandygyny Azatlyk Radiosynyň sebitdäki çeşmeleriniň birine gürrüň berdi.
“Gapymda towuk saklap, olaryň ýumurtgasyny satyp gün görýärdim. Olaryň bary geçen hepde birden öldi duruberdi. Köneürgenjiň Pagtaçy obasyndaky tanyşlarymyň biri satuwa çykarylan sygyrlaryň hem göni bazarda ölendiklerini gürrüň berdi” diýip, 40 ýaşlaryndaky Resul aýtdy.
Ýokarky ýagdaýlaryň ýurduň beýleki regionlarynyň hojalyklarynda hem ýüze çykyp başlandygy dogrusynda dowamly maglumatlar gelýär.
Lebabyň Saýat etrabynyň ýaşaýjysy 50 ýaşlaryndaky Altyn daýza mundan iki hepde ozal öz öýündäki ähli – 40 towugynyň tarpa-taýyn ölendigini, şeýle ýagdaýlaryň beýleki tanyşlarynda hem bolup geçendigini aýtdy.
“Serdarabatdaky tanşymyň hem towuklary gyrylypdyr. Ýerli edaralara ýüz tutsagam, hiç zat etmediler. Käbir beýleki tanyşlarym bu ýagdaýlardan gorkup, towuklaryna özleriçe derman berip başladylar” diýip, Altyn daýza nygtady.
Towuklaryň köpçülikleýin ýagdaýda gyrylmagynyň diňe bir hususy hojalyklarda däl, eýse uly towuk toplumlarynda hem bolup geçendigine üns çekilýär. Ahal welaýatyndaky şeýle iri toplumlarynyň birinde işläp gaýdan daşoguzly Babamyrat geçen ýylyň noýabr-dekabr aralygynda birdenkä ýüzlerçe towugyň ölendigini gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesiniň aýtmagyna görä, ýerli weterinarlar häzir towuklaryň we gara mallaryň köpçülikleýin ýagdaýda gyrylmagyna – iň azyndan Daşoguzda – sibir başy infeskiýasynyň sebäp bolandygyny çaklaýarlar.
Şeýle-de bolsa, hojalyk mallarynyň gyrylmagy we onuň sebäpleri barada Türkmenistanyň degişli saglyk resmilerinden hiç hili kommentariý ýa-da maglumat almak başartmady.
Galyberse-de, häzir Daşoguzda mallaryň gyrylmagy netijesinde gara mallaryň we towuklaryň bahalarynyň arzanlap, olara bolan talabyň hem ozalkylara garanyňda peselendigi nygtalýar.
“Mal bazarlarynda towugy alýan ýok. Sygyrlaryň bahasy 20-30% aralygynda aşaklasa-da, olara hyrydar tapdyrmaýar. Satyn aljak bolýan az sanly müşderiler-de mallaryň sagatdygy dogrusynda weterinardan sprawkany görkezmegi talap edýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, Lebapda ýerli ilatyň aglabasynyň harap bolan öý mallaryny göni zir-zibile zyňýandygy, soňy bilen-de olary öýsüz itdir pişikleriň tapyp iýýändigi aýdylýar.
“Eger-de infeksirlenen malyň etini başga bir haýwan iýse, onuň hem wirusa ýogalmak howpy bar. Bu ýagdaýlarda infeksiýanyň ýaýramak howpy ýokarlanýar” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan daşoguzly weterinar gürrüň berdi.
Sözümiziň ahyrynda jemlesek, türkmen emeldarlary we mediasy ýokarky ýüz berýän ýagdaýlar dogrusynda häzirlikçe dymýar.