ABŞ-nyň “Open Doors”, ýagny “Açyk gapylar” topary 2017-nji ýyl üçin özüniň Bütindünýä Gözegçi hasabatyny ýaýradyp, onda hristianlaryň yzarlanýan ýurtlarynyň sanawyny çap etdi.
Hasabatda Türkmenistan “hristianlaryň ýowuz yzarlanýan” ýurtlarynyň hataryna goşulyp, ol Owganystan, Somali ýaly ýurtlar bilen birlikde Injili saklamak boýunça “iň howply ýurtlaryň” arasynda hem agzalyp geçildi.
Azatlyk Radiosy dini erkinlige gözegçilik edýän “Forum 18” habarlar gullugynyň baş redaktory Feliks Körliý bilen habarlaşyp, Türkmenistanyň bu sanawda ýerleşdirilmeginiň mümkin sebäpleri dogrusynda söhbetdeşlik geçirdi.
Feliks Körliý: Dogrusy, Türkmenistandaky ähli dini jemgyýetleriniň, şol sanda musulmanlaryň, rus prowoslawlarynyň, ermeni hristianlarynyň, protestantlaryň, ýegowa şaýatlarynyň, krişnaçylaryň dagy durmuşy gaty kyn ýagdaýda bolmagyna galýar.
Türkmenistanda dürli dini akymlaryň wekilleri öz ynançlaryny erkin we azat görnüşde berjaý edip bilmeýärler. Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ähli dini ynançlara, esasan hem Yslama gaty berk gözegçilik edýär.
Ýurtda hiç hili dini edebiýaty çap edip bolmaýar. Dini kitaplary daşardan hem ýurda salyp bolmaýar.
Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary dindarlary berk gözegçiliginde saklaýarlar. Dürli dinleriň liderleri dowamly ýurduň howpsuzlyk gulluklaryna hasabat bermeli bolýarlar.
Azatlyk Radiosy: Feliks, siz häzir Türkmenistandaky umumy ýagdaýlary suratlandyryp berdiňiz. Ýokarda agzalyp geçilen hasabatdan ugur alsak, ýurtdaky hristianlar nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar?
Feliks Körliý: Türkmenistanda köp sanly hristian jemgyýetleri resmi taýdan hasaba durmak ugrunda tagalla edýärler. Emma, türkmen resmileri bu arzalary ret edip gelýärler.
Eger-de bir dini gurama resmi taýdan hasaba durmadyk bolsa, onda howpsuzlyk gulluklary oňa basyş edip, reýdleri geçirip, jerimeleri hem salyp bilýärler. Emma, iş ýüzünde hasaba alnan dini jemgyýetleriň-de ýaňky agzalyp geçilen oňaýsyzlyklara sezewar bolup bilýändigini görýäris.
Ýurduň käbir künjeklerinde hristianlar – özleriniň dini ynançlary üçin – il ortalaýyn her dürli kemsitmelere-de sezewar edilýärler.
Şunlukda, Türkmenistanda hristianlar, garaz ähli diniň wekilleri gaty agyr şertlerde ýaşaýarlar.