Aşgabadyň aeroportyndaky näsazlygy aýyrmak üçin Komissiýa döredildi

Aşgabadyň halkara aeroporty

Aşgabatdaky täze halkara aeroporty bilen baglylykda täze maglumatlar peýda boldy. Azatlyk Radiosynyň ozal hem habar berişi ýaly, geçen sentýabrda açylan halkara aeroportynyň binalarynyň biri çöküp başlady. Munuň netijesinde, binadaky ençeme aýna çat açyp, onuň aragatnaşyk ulgamy hem hatardan çykdy.

Aeroportdaky näsazlyklary ortadan aýyrmak üçin düzülen ýörite komissiýanyň işini ýakyndan bilýän çeşmäniň aýtmagyna görä, Türkiýäniň “Polimeks” kärhanasynyň wekilleri prezidentiň administrasiýasyna çagyrylypdyrlar.

Ýatladyp geçsek, “Polimeks” 2,3 milliard dollara gurlan aeroportyň esasy potratçysy bolup çykyş edipdi. Prezidentiň administrasiýasynda kärhananyň wekillerinden näsazlygyň näme sebäpden ýüze çykandygy, şeýle-de bu maglumatyň habar serişdelerine nädip syzandygy dogrusynda düşündiriş soralypdyr.

“Aeroportdaky bolan ýagdaýy prezidentden ýaşyrjak boldular. Emma, bu maglumat Azatlykda peýda bolandan soň, bu habar prezidente-de baryp ýetdi. Mundan soň, aeroportdaky näsazlyk bilen birlikde, bu maglumatyň syzyp çykandygy dogrusynda hem galmagal turdy” diýip, Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki çeşmesi gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzir aeroportdaky ýüze çykan näsazlyklary aradan aýyrmak boýunça ýörite Komissiýa esaslandyrylyp, onuň düzümine ýerli we daşary ýurtly, şol sanda binalaryň çökmegini öwrenýän hünärmenler hem girizilipdir. Azatlyk Radiosynyň çeşmesi näsazlygyň aeroportyň esasy binasynda ýüz berendigini hem belläp geçdi.

“Üçekdäki we ikinji gatdaky aýna örtükleri süýşüp başladylar. Aýnalar çat açdy, sepler we käbir turbalar atyldy” diýip, ol sözüne goşdy.

Aeroportdaky näsazlyklary aýyrmak boýunça gyzgalaňly işleriň alnyp barylýandygyny Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň ýene biri tassyklady. Ol Türkiýäniň “Polimeks” kärhanasynyň wekillerinden başga-da, bu işlere Fransiýanyň “Bouygues Construction” gurluşyk firmasynyň işgärleriniň-de çekilendigini aýtdy. Azatlyk Radiosyna kärhananyň Aşgabatdaky edarasy bilen habarlaşmak başartmady.

Azatlyk Radiosy “Bouygues Construction” kärhanasynyň Pariždäki baş edarasy bilen habarlaşanda, firmanyň wekili Matýe Karre öz işgärleriniň Aşgabadyň aeroportyndaky näsazlyklary aradan aýyrmak işlerine gatnaşýandygy baradaky maglumaty ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

Azatlyk Radiosynyň aeroportdaky Komissiýanyň alyp barýan işinden habarly çeşmesi, sebitdäki grunt suwlaryny aýyrmak üçin, bu ýere goşmaça buraw desgalarynyň hem getirilendigini mälim etdi.

Aeroportyň ýerleşýän sebitiniň ýagdaýyny gowy bilýän geologlaryň sözlerine görä, bu raýonda elmydama-da çylşyrymly gidrogeologiki şertler bolupdyr. Ol ýerden geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap, kadaly iş şertleri üçin, dowamly grunt suwlary hem çykarylyp gelinipdir.

Guşuň keşbindäki aeroport “Aziada-2017” oýunlaryna gabatlanyp açylypdy. Ol ýolagçy terminalynyň üçeginde şekillendirilen iň uly haly göli ornamenti bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilipdi.

Häzir aeroportdaky ýüze çykan näsazlyklar dogrusynda türkmen mediasynda hiç hili maglumat berilmedi.