«Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri» proýekti ýedinji ýanwarda türkmenistanly graždan žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň tussag edilenine laýyk bir ýarym ýyl dolýandygyny ýatladyp, türkmen häkimiýetlerini onuň işine gaýtadan seretmäge we žurnalisti azat etmäge çagyrýar.
Ozal habar berlişi ýaly, Saparmämmet Nepesgulyýew tussag edilmezinden öň, Azatlyk radiosy bilen hem hyzmatdaşlyk edýärdi.
«Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleriniň» beýanatynda nygtalyşy ýaly,S.Nepesgulyýew öz dogduk mekany Balkandaky ýagdaýlary görkezýän fotoreportažlar we makalalar toplumyny taýýarlamak bilen meşgullanypdy.
Has anygy, ol esasan öz welaýatynyň sosial-ykdysady kynçylyklary: hassahanalaryň uzak wagtlyk bejeriş üçin ýapylmagy, orta mekdeplerde okuwçylaryň ene-atalaryndan ýygnalýan goşmaça tölegler, ýyladyş edaralarynyň we şäher parklarynyň ýagdaýy, agyzsuwy ýetmezçiligi, Türkmenbaşydaky ýollaryň gözgynylygy barada habar beripdi.
S.Nepesgulyýew, neşiriň maglumatyna görä, 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda, «Awaza» kurort zolagyna iş sapary mahalynda, Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan, hamala, ýanyndan ýurtda gadagan edilen dermanyň - tramadolyň tapylandygy sebäpli tussag edildi. Soňra oňa üç ýyl iş kesildi.
Halkara hukuk toparlary žurnalistiň garşysyna gozgalan jenaýat işiniň galpdygyny, ýagny ondan«Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri» proekti we Azat Ýewropa we Azatlykradiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk edeni üçin öç alynýandygyny öňe sürdiler.
Faktlardan çen tutulsa, S.Nepesgulyýew daşary ýurtlardaky habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edendigi we ýurtdaky sosial meseleler barada habar berendigi üçin ýanalan ilkinji ýa soňky türkmen žurnalisti däl.
Ondan öň, dürli ýyllarda, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary Saparmyrat Öwezberdiýew, Rahym Esenow, Ogulsapar Myradowa, Aşyrguly Baýryýew, Döwletmyrat Ýazgulyýew we beýlekiler yzarlanamalara we ýanamalara sezewar boldy, O.Myradowa türkmen türmesinde ýogaldy.
Şeýle-de, hukuk toparlarynyň bellemegine görä, Türkmenistan garaşsyz žurnalistleri we graždan aktiwistlerini gorkuzmak üçin, türme bilen bir hatarda,ruhy hassahanalary hem ulanýan ýurt hasaplanylýar.
Muňa delil edip, soňky ýyllarda garrygalaly pensioner Amangelen Şapudakowyň, bäherdenli mugallym Sazak Durdymyradowyň, lebaply pensioner Kakabaý Tejenowyň «işlerini» ýatlamak bolar.
Soňky aýlarda bolsa Azatlygyň Daşoguzdaky täze habarçysy Hudaýberdi Allaşow, hamala, öýünde nas saklandygy üçin diýlip tussag edildi.
Mundanam başga, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa yzygiderli ýanamalara sezewar edilýär.
«Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri» proýektiniň ýazmagyna görä, S.Nepesgulyýew häzir Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde, umumy düzgünli türmede saklanylýar.
«Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri» proýektiniň şikaýaty esasynda, 2015-nji ýylyň dekabrynda, BMG-niň eden-etdilikli tussag etmelere garşy iş topary Nepesgulyýewiň tussag edilmegini bikanun diýip ykrar etdi.
Emma türkmen häkimiýetlerine we prezident G. Berdimuhamedowyň hut özüne edilen ençeme çagyryşa garamazdan, hiç bir üýtgeşiklik bolmady we S.Nepesgulyýewiň türmede saklanmagy dowam etdirilýär.
Makala «Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri» proýektiniň materialy esasynda taýýarlandy.