Garagum çölüniň merkezinde ýerleşýän otly gowak “Dowzah derwezesi” dünýäniň iň gorkunç künjekleriniň sanawyna girdi.
9gag.com atly internet neşriň çap eden dünýäniň iň elhenç 18 ýeriniň sanawynda birinji ýerde Rumyniýanyň Transilwaniýa regionynyň Kluž Napoka şäheriniň eteginde ýerleşýän Hoýa-Baçu atly tokaý görkezilýär. “Bermud üçburçlugy” diýlip atlandyrylan bu tokaýda adamlaryň dereksiz ýitmegi, elektron serişdeleriň sandan çykmagy we başga planetadan gelenleriň duş gelmegi ýaly rowaýatlaryň ençemesi bar.
Sanawda dünýäniň iň elhenç ýerleriniň biri hökmünde görkezilen Türkmenistanyň “Dowzah derwezesi” 1971-nji ýylda gaz agtaryş işleriniň netijesinde emele gelipdi.
Merkezi Garagumda Ýerbent atly ýerden 90 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu gaz gowagynda geçirilen buraw işleri ýerasty boşlugyň üstüne düşüpdi we netijede zäherli gazlaryň onuň daşyna çykmagynyň öňüni almak maksatly ony otlamak kararyna gelnipdi.
Şondan bäri ululygy diametrde 60 metre, çuňlugy 20 metre golaý bu gowagyň içindäki gazlar 45 ýyla golaý wagtlap yzygiderli ýanyp dur.