Türkmenistan Eýrana akdyrýan gazyny "birden" kesdi

Tähranyň ýaýradan soňky beýannamasynda Aşgabadyň hereketi iki ýurduň arasyndaky gaz ylalaşygynyň “açyk bozulmagy” diýilýär.

Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky gaz dawasy bilen baglylykda Eýrana gaz akdyrmagyny “birden” kesdi diýip, Eýranyň Milli gaz kompaniýasy aýdýar.

“Türkmenistanyň gaz kompaniýasy, gazanylan ylalaşyga garamazdan, bergileri dessine üzlüşmegi talap edip, Eýrana gaz eksportyny kesdi” diýip, Eýranyň Milli gaz kompaniýasy 1-nji ýanwarda çap eden beýannamasynda aýdýar.

Ýatladyp geçsek, geçen dekabrda Tähran Türkmenistanyň Eýranyň 2007-2008-nji ýyllarda akdyrylan gaz üçin 1.8 milliard dollar bergisiniň bardygyny öňe sürüp, gaz akdyrmagyny bes etmek bilen haýbat atýandygyny mälim edipdi.

Tähranyň ýaýradan soňky beýannamasynda bolsa, Aşgabadyň hereketi iki ýurduň arasyndaky gaz ylalaşygynyň “açyk bozulmagy” diýilýär.

Türkmenistanyň gazy kesmek baradaky kararynyň öňýany, ýagny 30-njy dekabrda Aşgabatda gaz dawasy bilen baglylykda, eýran wekilleri bilen türkmen resmileriniň arasynda gepleşikler geçirilipdi.

Eýran çeşmeleriniň maglumatyna görä, şol gepleşikleriň dowamynda umumy bir ylalaşyga gelmegiň başartmandygy sebäpli, Eýran delegasiýasy gepleşiklerden turup, Eýrana ugramakçy bolupdyrlar.

Mehr habarlar gullugy “Aeroportda türkmen resmileriniň eýran wekillerinden gepleşiklere dolanmagyny sorandyklaryny” ýazýar.

31-nji dekabrda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamid Reza Araki türkmen gazy boýunça bäş ýyllyk ylalaşyga gelmegiň başardandygyny mälim etdi. Tähranyň gaz bergisi boýunça gepleşikleriň-de geljek aýlarda maslahat ediljekdigi aýdylypdy.

Emma, “Türkmengaz” konserni häzirki gazy togtatmak baradaky kararyny hiç zat bilen düşündirmedi.

Eýran 1997-nji ýyldan bäri Türkmenistandan gazy import edýär we ýurduň demirgazygy üçin ulanýar. Türkmenistan soňky wagtda Eýrana ýylda 10 milliard kubometr gazy eksport etdi.

Türkmenistan soňky sapar 2007-2008-nji ýyllaryň gyşynda Eýrana eksport edýän gazyny kesipdi. Aşgabat şonda muny “geçirijidäki tehniki işler” bilen düşündirse-de, bu ädim türkmen gazynyň bahasy ugrundaky gepleşiklere gabat gelipdi. Eýran türkmen gazynyň her 1000 m3 üçin, 75 dollar töwereginde töleýärdi. Emma Eýranyň presstv.ir habar gullugy şol döwür Aşgabadyň gazyň bahasyny 360 dollara çenli galdyrandygyny mälim etdi.

Türkmenistan Tähranyň gaz bergisiniň bardygyny mälim etmeginiň yz ýany, 21-nji dekabrda Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Amir Hossein Zamania çykyş edip, öz ýurdunyň Türkmenistana “600 million-1,5 milliard dollar möçberinde bergisiniň bardygyny” aýdypdy.

Zamania şonda “biz entek akdyrylan türkmen gazynyň mukdaryny we görnüşini türkmen resmileri bilen maslahat etmelidiris” diýip belläpdi.

28-nji dekabrda Eýranyň nebit ministri Bijan Zangeneh “eger-de Türkmenistan gaz akdyrmagyny togtatsa, onda Aşgabat bilen energiýa ylalaşygyny keseris” diýip çykyş etdi. Şol bir wagtda, soňky ýyllaryň dowamynda eýran resmileriniň ençemesi Türkmenistandan gaz almagy bes etmegi sorapdyrlar.

Galyberse-de, Eýranyň Parlamentiniň agzasy Ardeşier Nourian 1-nji ýanwarda çykyş edip, “[Eýranyň] daşary işler ministrliginiň Türkmenistana garşy gyssagly çäre görmelidigini” aýtdy.

Türkmenistandan häzirlikçe hiç hili resmi reaksiýa ýok.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň başynda Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy hem Türkmenistandan gaz almagyny bes edýändigini yglan edipdi. Bu ýagdaýlarda Türkmenistan diňe Hytaý ugry boýunça öz gazyny eksport edýär.

Galyberse-de, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryndaky nyrhlarynyň peselmegi, Türkmenistanyň ykdysadyýetine-de ýaramaz täsirini ýetiripdi.

Energiýa boýunça bilermen Jon Roberts Türkmenistanyň Eýrana akdyrýan gazyny togtatmak baradaky kararyna şeýle diýdi: "Bu Türkmenistan üçin gaty çynlakaý netijeleri döredip biler. Aşgabat häzir dünýäniň gaz bazarynda bolup geçýän zatlara doly göz ýetirmeýän bolmaly. Häzirki wagtda gazy öndürýän däl-de, gazy satyn alýan tarap gaty möhüm bolup dur".

Ol sözüni dowam etdirip: "Aşgabat häzir gaty töwekgelçilik edýär. Ol munuň bilen diňe bir häzirki ylalaşygy däl, eýse geljekde bolup biljek şertnamalary hem howp astyna salýar. Sebäbi eýranlylar mundan beýläk Türkmenistana hiç ynanmazlar" diýip, belledi.