Daşoguzly Begenç (ady üýtgedilen – red.) üç ýyl mundan ozal türmeden azatlyga çykanyndan bäri henize çenli işe ýerleşip bilmän kösenýändigini, şeýle-de hukuk goraýjy işgärler tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere sezewar edilýändigini gürrüň berdi.
40 ýaşlaryndaky Begenç Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, 2013-nji ýylda yglan edilen günä geçişlikde türmeden boşadylsa-da, türkmen häkimiýetleriniň özüne henizem “gara donlynyň” biri hökmünde garaýandygyny aýtdy.
“Işe ýerleşmek mümkin däl. Üç ýylyň dowamynda [Daşoguz] welaýaty boýunça arza bilen ýüz tutmadyk ýerim galmady. Aşgabatdaky gurluşyk firmalary hem türmede bolup gelenim üçin işe almaýarlar. Men etmişim üçin kesgitlenen jezany çeksem-de, resmileriň gözünde henizem ‘gara tagmalyň’ biri bolup durun” diýip, ogurlyk aýyplamasy bilen bäş ýyl tussaglygyna höküm edilen Begenç gürrüň berdi.
Begenç işe ýerleşmek kynçylyklary bilen birlikde, ýerli hukuk goraýjy edarlaryň işgärleriniň "dowamly kemsitmelerinden" hem ejir çekýändigini aýdýar. Ol özüniň we türmeden boşap gelen beýleki ýaşaýjylaryň her aý polisiýa baryp hasaba durmalydyklaryny, şeýle-de ýaşaýan sebitlerinde nähilidir bir jenaýat bolsa, polisiýa soraga çagyrylýandyklaryny gürrüň berdi.
“Olar [polisiýa] paýyş sögünip, kemsidip... hamana, ýaňy jenaýatyň üstünde tutan ýaly edip gürleşýärler. Biziň hökümetimiz bir gezek büdreseň, elmydama-da depeläp gezýär. Bu çykgynsyzlyk sebäpli, täzeden jenaýata baş goşýanlar hem az däl” diýip, Begenç Azatlyk Radiosyna zeýrendi.
Türkmenistanda her ýyl yglan edilýän günä geçişlikleriň netijesinde, Begenç ýaly azatlyga çykýan ýüzlerçe we müňlerçe türkmenistanly bar. Her amnistiýanyň öň ýanynda prezident G. Berdimuhamedow ozalky tussaglaryň jemgyýete goşulmagy, iş bilen üpjün edilmegi üçin gerekli işleri amal etmegi tabşyrsa-da, ýerli synçylar bu görkezmeleriň durmuşa geçirilmeýändigini nygtaýarlar.
Türkmen türmelerinden boşap gelenleriň ençemesiniň ykballaryny golaýdan bilýän aşgabatly Amanmyrat Bugaýew ýokary derejeli türkmen emeldarlarynyň ozalky tussaglaryň ykballary bilen baglylykdaky tabşyryklarynyň diňe gürrüň derejesinde ýa-da kagyz ýüzünde galýandygyny aýdýar.
“[Türkmenistanda] iş bir ýana, söz bir ýana. Iş ýüzünde bular edilenok, ony etmegem islänoklar. Sebäbi, adamlary ‘gara donly’ etmek bu häzirki türkmen jemgyýetiniň ýörgünli syýasaty” diýip, Bugaýew belledi.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussagly ýurt hasaplanylýar.