Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda okuwçylardan mekdepleriň öňünde Täze ýyl arçalaryny – ýolkany dikmek üçin pul serişdeleri toplanýar.
Köneürgenjiň mekdepleriniň biriniň mugallymasy Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, mekdep direktorynyň “etrabyň iň gowy Täze ýyl arçasy” diýen bäsleşik üçin, okuwçylardan pul toplap, arçany satyn almagy tabşyrandygyny aýtdy.
“Bularyň soraýan 15 metrlik emeli ýolkasy 3000-5000 manat aralygynda durýar. Garaz, onuň bezeg şaý-sepleri bilen birlikde her okuwçydan 20 manat toplamaly bolduk” diýip, özüni Sülgün atlandyran mugallyma gürrüň berdi.
Ol etrabyň beýleki mekdeplerinde-de okuwçy sanyna görä pul toplanandygyny, çetdäki az okuwçyly mekdeplerde 100 manada çenli soralandygyny aýdýar.
“Bizden hem talap edýärler. ‘Bolmasa, öz jübiňizden çykaryň’ diýip haýbat atýarlar” diýip, klas ýolbaşçysy Sülgün mugallyma aýtdy.
Okuwçylardan we mugallymlardan Täze ýyl üçin salynýan pul “salgydy” dogrusynda welaýatynyň degişli bilim resmilerinden we mekdep müdirlerinden nähilidir bir maglumat almak başartmady.
Bu aralykda, daşoguzly ene-atalar Täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda okuwçy çagalaryndan maliýe serişdeleriniň talap edilmeginiň maşgala býujedine uly agram salýandygyny aýdýarlar.
“Aýlyklar berlenok; azyk harytlary gymmatlap, ýitip barýar... Täze ýyl baýramçylygy, sowgatlar, toý lybaslary... diýip, diňe şu aýyň özünde 400 manat çykarmaly bolduk. Çagalarym kemsinmesin diýip, öý harytlaryny geçen ýerinden satdym” diýip, iki okuwçynyň ejesi Ogulgerek daýza Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň birine gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi Ogulgerek daýzanyňky ýaly ýagdaýa düşen başga-da ene-atalaryň köpdügine ünsi çekdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan owal-da daşoguzly bilim işgärleriniň, ene-atalaryň üstüne okuw prosesine degişli bolmadyk maliýe çykdajylary salnypdy.
Şu aýyň dowamynda, Daşoguz welaýatynda her mekdepden gyşky dynç alyş möwsüminde ýurduň dynç alyş merkezlerine okuwçylary ibermek üçin ene-atalardan, mekdebiň mugallymlaryndan, tämizçilerinden we garawullaryndan mejbury ýagdaýda 10-15 manat aralygynda pul toplanypdy.
Galyberse-de, resmi türkmen mediasy häzir ýurduň ähli oba-şäherlerinde gurnalan Täze ýyl arçalarynyň daşynda “çagalaryň gol tutuşyp şatlanýandygyny” habar berse-de; bu baýramçylyk bilen baglylykda okuwçylara, olaryň ene-atalaryna salynýan mejbury pul çykdajylary barada kelam agyz söz aýdylmaýar.