Türkmenistanyň prezidentligine 9 dalaşgär hasaba alyndy

G.Berdimuhamedow 2007-nji ýyldaky saýlawlarda sesleriň 89%-ni; 2012-nji ýylda bolsa 97%-ni alyp, ýeňiş gazanypdy.

Türkmenistanyň nobatdaky prezidentligi üçin hasaba alnan dalaşgärleriň sany dokuza ýetdi. Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, ýurduň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary 26-njy dekabrda “raýatlaryň inisiatiw toparlary tarapyndan hödürlenen” ýene bäş kandidaty bellige alypdyr.

Duşenbe güni hasaba alnanlar:

  • Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew,
  • Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýew,
  • Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow,
  • Ahal welaýatynyň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilow,
  • “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesow dagydyr.

Geljek ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna mundan öň:

  • Ýurduň Demokratik partiýasy häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy,
  • Senagatçylar we telekeçiler partiýasy “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýewi,
  • Agrar partiýa partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowy dalaşgär hökmünde hödürläpdiler.

Dalaşgärleri hasaba alyş tapgyryndan soň, kandidatlaryň raýatlar bilen duşuşyklar, şeýle-de ýerli media arkaly agitasiýa kampaniýalary başlanar.

Şol bir wagtda, ýerli synçylar prezidentlige dalaş edýänleriň ilat arasynda onçakly köp tanalmaýandygyny, şeýle-de häzirki ýurt baştutanynyň, hiç hili bäsleşiksiz, üçünji möhlete prezident saýlanjakdygyny çaklaýarlar.

Ýatladyp geçsek, Berdimuhamedow ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow ýogalandan soň geçirilen 2007-nji ýyldaky saýlawlarda, alty dalaşgäriň arasyndan, sesleriň 89%-ni; 2012-nji ýylda bolsa, sekiz dalaşgäriň arasyndan, sesleriň 97%-ni alyp, ýeňiş gazanypdy.

Bu aralykda, G.Berdimuhamedow duşenbe güni çykyş edip, ýurdy “mundan beýläk hem ösdürjekdigi” baradaky beren wadalary bilen birlikde, teleýaýlymlarda özüne berlen wagty beýleki dalaşgärleriň peýdalanmagyna berýändigini yglan etdi.

Türkmenistanyň täze, şu ýylyň sentýabrynda düzediş girizilen Konstitusiýasy esasynda, ýurduň prezidenti ýedi ýyl möhlet bilen saýlanýar. Şeýle-de, täze Konstitusiýa prezidentlige kandidatyň aňry ýaş çägini aýyrmaly etdi.

Türkmenistanda prezidentlige ýurduň çäginde doglan, kyrkdan ýaş bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky 15 ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşan we döwlet edaralarynda işlän raýat saýlanyp bilýär.

Türkmenistanda şu wagta çenli halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly diýlip ykrar edilen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.