Türkmenistanda prezidentlige kandidatlar hasaba alynýar

2012-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynyň plakaty. 27-nji ýanwar, 2012

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy şenbe güni ýurduň geljek ýylyň 12-nji fewralyna bellenen prezident saýlawlarynda döwlet baştutanynyň wezipesi ugrunda bäsleşige çykjak dalaşgärleri hasaba almaga başlaýar diýip, RIA Nowosti habar berdi.

Türkmen mediasy prezidentlige kandidatlary hasaba almagyň 24-nji dekabrda başlanjakdygyny dalaşgärler kesgitlenen wagtynda habar beripdi.

Türkmenistandaky iň ýokary döwlet wezipesine üç kandidat – ýurduň üç sany syýasy partiýasynyň hödürlän dalaşgärleri dalaş edýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýewi, Agrar partiýa partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowy prezidentlige kandidatlyga hödürledi.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylar bu saýlawlaryň netijesiniň öňünden bellidigini, Demokratik partiýanyň kandidatynyň, üçünji möhlete prezidentlige hödürlenýän Berdimuhamedowyň gürrüňsiz ýeňjekdigini çaklaýarlar.

2007-nji ýylda, ozalky prezident S.Nyýazow ýogalandan soň prezident saýlanan Berdimuhamedow, resmi maglumatlara görä, 2012-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda saýlawçylaryň 94 prosentden gowragynyň goldawyny alypdy.

Prezident saýlawlarynda Demokratik partiýanyň kandidaty bilen bäsleşmeli kandidatlaryň – Bekmyrat Atalyýewiň we Durdygylyç Orazowyň il içinde o diýen tanalmaýandygy we Berdimuhamedowyň iki möhlet prezidentligi mahalynda ýurtda dörän ykdysady kynçylyklary tankytlap, bu ýagdaýdan çykmagyň anyk gürrüňini edip bilmejekdigi aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, prezidentlige kandidatlar hasaba alnanlaryndan soň, saýlawçylar bilen duşuşyp, metbugatda çykyş edip, mümkin boldugyça köp goldaw gazanmak üçin, kanun boýunça gadagan edilmedik usullar arkaly, halky öz programmalary bilen tanyşdyrmaga başlamaly.

Prezidentlige kandidatlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wagyz işleri kandidatlar hasaba alnan pursatyndan başlanyp, prezident saýlawlarynyň geçiriljek gününe bir galanda tamam bolar.

Türkmenistanyň täze, şu ýylyň sentýabrynda düzediş girizilen Konstitusiýasy esasynda, ýurduň prezidenti ýedi ýyl möhlet bilen saýlanýar. Şeýle-de, täze Konstitusiýa prezidentlige kandidatyň aňry ýaş çägini aýyrmaly etdi.

Türkmenistanda prezidentlige ýurduň çäginde doglan, kyrkdan ýaş bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky 15 ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşan we döwlet edaralarynda işlän raýat saýlanyp bilýär.

Türkmenistanda şu wagta çenli halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly diýlip ykrar edilen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.