Prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýogalanyna on ýyl boldy

Saparmyrat Nyýazow

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Türkmenistana 1985-nji ýyldan 2006-njy ýylyň 21-nji dekabryna çenli ýolbaşçylyk eden türkmen sowet partiýa, döwlet işgäri Saparmyrat Nyýazowyň ýogalanyna on ýyl boldy.

1940-njy ýylda, Aşgabat oblastynda doglan S.Nyýazow Sowet Soýuzynyň soňky ýyllarynda Türkmenistan SSR-niň Kommunistik partiýasynyň baş sekretary, Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosynyň agzasy, soň aradan çykýança Türkmenistanyň prezidenti bolup işledi.

"Serdar", "Beýik Türkmenbaşy"

Adynyň «Serdar», «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy» diýip tutulmagyny gowy gören Nyýazow Türkmenistandan daşarda özüne Günüň ugruna aýlanýan altyn çaýylan heýkel dikdirmek, özüniň we ejesiniň adyny kalendara girizip, aý atlaryna öwürmek, Ylymlar akademiýasyny, opera we balet teatryny ýapmak... bilen tanaldy.

Şeýle-de ol öz adyndan çap edilen «Ruhnamany» hökmany okalmaly, ekzamen tabşyrylmaly kitap edip, bu eseri üç gezek okanyň göni jennete düşjekdigini aýdypdy.

Şol bir wagtda, Saparmyrat Nyýazowyň ýurt dolandyran ýyllarynda neşe söwdasy we neşekeşlik giň ýaýrady, türkmen türmeleri tussagdan hyryn-dykyn dolduryldy we, täze tussaglara ýer boşatmak üçin her ýyl, Gadyr gijesine gabat, prezidentiň günä geçmeleri esasynda müňlerçe tussag azatlyga goýberildi.

Ýöne 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakasy, prezidentiň janyna kast ediş synanyşygy diýilýän bilen bagly uzak möhletli türmä basylanlaryň azatlyga çykmagy, hatda olaryň soňky ykbaly barada maglumat almak hem kyn boldy.

Şeýle-de Nyýazow onlarça milli howpsuzlyk ofiserini türmä basdy.

Ol öz saýlap-seçen we ýokary wezipelere çeken kadrlaryny yzygiderli garalamak, aýlykdan kesmek, başga iş bermän işden kowmak we jezalandyrmak häsiýetleri bilen tanaldy.

Şonuň bilen bir wagtda, ol 2003-nji ýylda Türkmenistanyň halkynyň erkin, azat ýaşaýandygyny aýdyp, adam hukuklarynyň bozulýandygy barada aýdylýan zatlary ret edipdi.

Başa barmadyk syýasat

Emma Nyýazow öz yglan eden «Täze oba syýasatynyň» işlemeýändigini, ýeriň eýesiniň tapylmaýandygyny hem boýun alýardy we munuň üçin ministrleri, häkimleri günäleýärdi.

Şeýle-de Nyýazow «ýokarda biri para alsa, aşakdakylaryň arkaýyn alýandygyny» aýdardy, Baş prokuraturanyň parahana öwrülendigini tankyt edipdi.

Ozalky resmileriň, harbylaryň käbiriniň ýatlamalaryna görä, ömürlik prezident diýip yglan edilen Nyýazowyň ölümi köpler üçin garaşylmadyk zat boldy.

Resmi maglumata görä, ol 21-nji dekabrda ýogaldy. Emma Aşgabadyň merkezindäki harby polkuň bir ofiseriniň sözlerine görä, bu wakadan bir hepde öň onuň gulluk edýän polkunda ozal bolmadyk galagop ýagdaýlar başlanýar.

Ýagny polkda harby hüşgärligiň yglan edilmeginiňmümkindigi duýdurylýar we ýokardan ýörite adamlar gelip, polkdaky çap edýän, kopiýa-nusga alýan maşynlary möhürleýärler.

Içeri işler ministrliginiň 6-njy bölüminde işlän bir ofiser hem bu wakadan bir hepde öň ozal bolmaýan geň ýagdaýlaryň bolandygyny gürrüň berdi.

"Sapar, dikel, halk ejir çekýär"

Nyýazow döwründe Türkmen atlary birleşiginiň başlygy bolan Geldi Kärizow öňki prezident ýogalanda «Owadandepe» türmesinde otyrdy. Ol şol günler tussaglara ýowuz daraýan türme gözegçileriniň hem biraz ýumşan ýaly görnendigini, türmäniň ýokarsyndan bolsa, dikuçaryň dynman aýlanandygyny ýatlaýar.

Nyýazow ýogalanyndan soň häkimiýet başyna gelen Berdimuhamedow Türkmenistanda ozal ýol berilmedik internete biraz ýol açdy we öňki prezidentiň geň-taň çäklendirmeleriniň bir toparyny ýatyrdy, altyn çaýylan heýkelini merkezden şäheriň çetine çykardy, «Ruhnamany» bolsa okuw programmasyndan aýyrdy.

Ýöne Aşgabatda Nyýazowyň ölen güni onuň mawzoleýine gül goýmak dabaralary geçirilýär. Paýtagtdan, ynamdar çeşmeden gowşan soňky habara görä, Nyýazowyň mawzoleýiniň golaýynda bir diwarda «Sapar, dikel, halk ejir çekýär» diýen ýazgy peýda bolupdyr.