Türkmenistanyň Agrar partiýasy prezidentlige kandidat hödürledi

Adamlar prezidentlige kandidatlaryň terjimahallary bilen tanyşýar. 7-nj fewral, 2012 ý.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy şenbe güni, 17-nji dekabrda öz regional bölümleriniň biriniň başlygyny prezidentlige kandidat hödürledi.

Türkmen telewideniýesi Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde bolan maslahatda Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowyň prezidentlige kandidat hödürlenendigini habar berýär.

Maslahatda çykyş edenler prezidentlige kandidatyň «ýokary guramaçylyk ukyby, hünär derejesi, dürli wezipelerde toplan iş tejribesi, şeýle-de adalatly we her bir işde goldaw bermäge ukyply, göreldeli maşgalabaşy hökmündäki şahsy häsiýetleri» barada aýdypdyrlar.

Orazow öz gezeginde «bu wezipäniň örän jogapkärçilikdigine göz ýetirýändigini aýtdy» diýip, habarda aýdylýar. şeýle-de ol özüne bildirilen ynamy ödemek üçin, ähli tagallany etmegi wada beripdir.

Ozal habar berlişi ýaly, 12-nji fewrala bellenen prezidentlik saýlawlaryna ilkinji kandidat – iş başyndaky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Demokratik partiýasy tarapyndan hödürlenipdi.

Soňra Senagatçylar we telekeçiler partiýasy öz kandidatyny – Bekmyrat Atalyýewi döwletiň ýokary wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Agrar partiýanyň aktiwistleri öz kandidatlarynyň hasaba alynmagy üçin onuň dokumentlerini Merkezi saýlaw komissiýasyna ýolladylar.

Merkezi saýlaw komissiýasy 24-nji dekabrda kandidatlary hasaba almaga başlar. Şondan soň prezidentlige dalaş edýänler köpçülikleýin habar serişdelerinde, saýlawçylaryň öňünde öz programmalary bilen çykyş edip başlamaly.

Türkmenistanda prezident, Konstitusiýanyň täze redaksiýasy boýunça, ýedi ýyl möhlet bilen saýlanylýar.

Türkmenistanda henize çenli halkara gözegçileri tarapyndan azat we adalatly diýlip baha berlen saýlaw geçirilmedi.