Moskwa: Türkmen ilçihanasynyň öňünde pikete rugsat berilmedi

Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde, Moskwa

Moskwanyň häkimiýetleri Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň Türkmenistanda tussag edilmegine, ýurtda syýasy repressiýalaryň dowam etmegine protest bildirýän orsýetli aktiwistleriň Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde jemlenmegine rugsat bermediler.

Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goraýjylar, şol sanda “Memorial” guramasy we Orsýetde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri piketi Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde 19-njy dekabrda geçirmegi planlaşdyrypdy.

Azatlyk Radiosy piketiň guramaçylarynyň biri “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýow bilen 15-nji dekabrda söhbetdeş bolup, inisiatiwanyň maksady we pikete rugsat bermekden boýun gaçyran Moskwanyň häkimiýetleriniň beren resmi düşündirişi barada gürrüň bermegi sorady.

Witaliý Ponomarýow: Üçünji gün prefektura tabşyrylan arza şu gün irden resmi jogap geldi. Resmiler Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde geçiriljek piket transportyň gatnawyna päsgel berip biler we raýatlaryň hukuklaryny bozar, diýen düşündirişleri berdiler. Emma biz muňa, ýöne oýlanyp tapylan bir bahana hökmünde seredýäris, sebäbi Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde 1990-njy ýyllardan başlap piketleriň ençemesi geçirilipdi, olara has köp sanly adam hem gatnaşypdy. Biziň piket geçirmek baradaky häzirki arzamyzda bolsa diňe ýedi adam görkezilýär. Ozalky ýyllarda hiç wagtda transportyň gatnamagyna degişli ýa-da başga bir problemalaryň hiç biri döremändi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde 1990-njy ýyllarda bäri piketleriň onlarçasy geçirildi, adatça Moskwanyň häkimiýetleri şeýle piketleriň geçirilmegine rugsat berip-bermezlik baradaky kararlaryny özleri çykarýarmy ýa-da Türkmenistanyň ilçihanasy bilen geňeşýärmi?

Witaliý Ponomarýow: Elbetde, bu karar formal taýdan Moskwanyň häkimiýetleriniň garamagyndaky mesele. Emma ozalky ýyllaryň tejribelerine görä, Moskwanyň resmileri piket ýa-da miting geçirmek barada özlerine ýüzlenilende, Türkmenistanyň ilçihanasyny taýýarlanýan aksiýa barada habarly edýärdi we olara türkmen resmilerinden haýsy-da bolsa bir jogabyň berilen bolmagyny çak etmek mümkin.