Tanalmaýan syýasatçy prezidentlige kandidat görkezildi

Gypjak, ýaşulular ses berýär,15-nji dekabr, 2013.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasy «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdirýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýewy Türkmenistanyň prezidentligine kandidatlyga hödürledi.

15-nji dekabrda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň Işewürler merkezinde geçirilen maslahatyň «açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilendigi» aýdylýar.

«Atalyýew mejlisiň deputaty hem-de örän jogapkärli we tejribeli ýolbaşçy, salyhatly we işeňňir adam, göreldeli maşgalabaşy» diýip, resmi habarda aýdylýar. Mundanam başga, ol sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, işgärler toparynyň uly hormatyna mynasyp bolupdyr.

Maslahata gatnaşyjylar Atalyýewiň «bitiren hyzmatlaryny, guramaçylyk ukybyny, ýolbaşçy wezipedäki iş tejribesini» belläp, ony prezidentlige kandidatlyga hödürlemek baradaky çözgüdi biragyzdan goldadylar diýip, türkmen telewideniýesiniň habarynda aýdylýar.

Bekmyrat Atalyýew, eger Merkezi saýlaw komissiýasynda kandidat hökmünde hasaba alynsa, 2007-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan, 2012-nji ýylda gaýtadan saýlananda, resmi habara görä, saýlawçylaryň 97 prosentiniň sesini alan Berdimuhamedow bilen bäsleşmeli.

Atalyýewiň ýene bir bäsdeşi bolsa, Agrar partiýanyň prezidentlige kandidaty bolar.

"Açyklyk we aýanlyk" ýagdaýy

Döwlet eýeçiligindäki mediada raýatlaryň saýlamak we saýlanmak hukuklary, «açyklyk we aýanlyk ýagdaýy» barada aýdylýan sözlere garamazdan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň «biragyzdan seçen» kandidatynyň ýaşy, doglan ýeri, syýasy garaýyşlary, şonuň bilen bir wagtda onuň «bitiren hyzmatlary» diýilýänler barada Azatlygyň ýerli çeşmeleri hiç bir maglumat berip bilmedi.

Azatlyk radiosynyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň telefonlaryna jaň edip, Bekmyrat Sähetmyradowiçiň özi ýa egindeşleri bilen habarlaşmak synanyşyklary hem netijesiz gutardy.

Türkmen mediasy Atalyýewiň «dalaşgärligiň ýokary jogapkärçiligine düşünýän, bildirilen ynamy abraý bilen ödemek ugrunda ähli tagallany ederin» diýendigini habar berýär.

Görnüşinden, bu gezekki prezident saýlawlarynda üç partiýanyň kandidatlarynyň arasynda bäsleşik bolmaly. Bu ýagdaý saýlawlarda 2012-nji ýyldaky kandidatlara garanda az dalaşgäriň bäsleşjekdigini görkezýär. Sebäbi geçen gezek prezident Berdimuhamedow alty kandidat bilen bäsleşipdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň şu ýyl kabul edilen rejelenen görnüşi syýasy dürlüligi we köppartiýalylygy ykrar edýär. Şeýle-de, Baş kanunda döwletiň raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri döredýändigi, jemgyýetçilik birleşikleriniň kanun öňünde deňdigi aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, synçylar ýurtda oppozision syýasy partiýalaryň hasaba alynmaýandygyny, bu ugurdaky synanyşyklaryň aktiwistleriň ýanalmagy, ruhy hassahana salynmagy ýaly faktlar bilen gutarandygyny aýdýarlar.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan ýurtdaky syýasy azatlygyň derejesi boýunça yzdaky orunlary eýeleýär.

Şol bir wagtda Aşgabadyň öz syýasy abraýyny ýokarlandyrmak isleýändigi aýdylýar. Eger şeýle bolsa, bu gezekki saýlawlara daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleriniň gatnaşmagy we ýeňiş gazanmagy bolup biljek zatmy?

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýer beýle ýeňşiň, hatda olara ýurda gelip, saýlaw kampaniýasyny geçirmäge, adamlara aýtmak islän ähli zatlaryny aýtmaga rugsat berlen halatynda-da, mümkin däldigini aýdýar:

«Biz türkmen saýlawlarynyň häkimiýetler tarapyndan dolandyrylýandygyny, hemme zadyň ses berişden has öň kesgitlenilýändigini bilýäris» diýip, Panniýer belledi.

Onuň pikiriçe, bu hili ýagdaýda daşardan gelenler ýeňler, sebäbi sesler sanalanda, Berdimuhamedow olardan kän ses alan bolup çykar we soň olaryň garşysyna jenaýat işleriniň gozgalmagy-da mümkin.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 14-nji dekabrda häzirki döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy 12-nji fewrala bellenen prezident saýlawlaryna kandidat görkezdi.

Ýurduň Agrar partiýasynyň prezidentlige kandidatynyň ady 17-nji dekabrda belli ediler.