Aşgabat 40 resmä käýinç berensoň, iki etrap prokurory wezipesinden boşadyldy

TÜrkmenistanyň ýokary derejeli resmileri.

Türkmenistanda iki etrabyň prokurory eýeleýän wezipelerinden boşadyldy. Bu waka ýurtda 40 çemesi resmä käýinç berilmeginden bir hepde soňa gabat geldi.

Türkmenistanyň resmi mediasynyň 15-nji dekabrda habar bermegine görä, “gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, etrapda alnyp barylýan işlere prokuror gözegçiligini gowşadanlygy üçin” birinji derejeli ýurist Atamyrat Möwlämow Nobatgeldiýewiç Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň prokurory wezipesinden, birinji derejeli ýurist Alym Öwlýagulyýew Döwletgeldiýewiç Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ýatladyp geçsek, 9-njy dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň 11 aýda bitiren işleriniň netijelerinden umuman nägile bolup, 40 çemesi döwlet resmisine käýinç ýa-da berk käýinç beripdi.

Olaryň arasynda wise-premýerler, ministrler, häkimler, welaýat prokurorlary, nebit-gaz pudagynyň ýokary derejeli resmileri, Türkmenistanyň Salgyt gullugynyň başlygy we “Türkmenhimiýa konserniniň” ýolbaşçysy dagy bar.

Türkmen prezidenti mundan öňki mejlislerde hem 8-10 resmä käýinç bererdi, kadrlary yzygiderli çalşyrardy, emma geçen anna güni onuň geçiren maslahatlarynda berlen käýinçleri rekord derejä – 40-a ýetdi, ýöne ol, şeýle uly nägileligine garamazdan, köpçülikleýin kadr çalyşmadan saklandy.