Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) şu ýylyň iýul aýynda Türkiýede bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň yz ýany, ýurtda media serişdelerine edilen “görlüp-eşidilmedik repressiýa” tutuş dünýäde tussag edilen žurnalistleriň sanyny 1990-njy ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetirdi diýýär.
Şu ýylyň 1-nji dekabryna çenli dünýäde gözenekleriň aňyrsynda saklanýan žurnalistleriň sany 259-a barabar bolup, olaryň azyndan 81 sanysy Türkiýede ýerleşýär diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň 13-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
Tussag edilen habarçylaryň arasynda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçylary hem bar: Saparmämmet Nepesgulyýew we Hudaýberdi Allaşow.
Nepesgulyýew geçen ýyl tussag edilip, oňa "bikanun neşe gaçakçylygy" aýyplamasy boýunça üç ýyl türme tussaglygy berlipdi.
Şeýle-de, geçen aýyň ahyryna Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Hudaýberdi Allaşow tussag edildi.
Azatlyk Radiosynda Mekan Täşliýew lakamy bilen çykyş eden Hudaýberdi Allaşow 3-nji dekabrda Köneürgenç şäherinde tussag edilip, ol türkmen resmileri tarapyndan 11 kilogram nas serişdesini saklamakda günälenýär.
Allaşowyň garyndaşlary we wakanyň şaýatlary bularyň toslama aýyplamalardygyny aýdýarlar. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Tomas Kent hem Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilmeginiň hakyky sebäbini onuň žurnalistiki işi bilen baglanyşdyrýar.
2014-2015-nji ýyllarda dünýäde iň köp žurnalisti tussag eden ýurt Hytaý bu ýyl hasabatda ikinji orunda ýerleşdirildi. 2016-njy ýylda Hytaýda jemi 38 žurnalist tussag edildi.
Hasabatda Müsür, Eritreýa we Etiopiýa degişlilikde üçünji, dördünji we bäşinji orunda ýerleşdirilýär.