'Žurnalistler meselesini türkmen hökümetiniň öňünde göni goýýarys'

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Nişa Desai Biswal 8-nji dekabrda Gamburgda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) geçýän Ministrler derejesindäki 23-nji maslahatynyň çäklerinde çykyş edip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilmegi barada berlen soraga jogap berdi. Ol soňky ýyllarda Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna edilýän basyşlardan, ýowuz daramalardan ýa-da tussag edilmelerden we gynamalardan örän alada galýandyklaryny aýdyp, bularyň düýbünden kabul ederliksizdigini belledi.