Putin: ABŞ 'global durnuklylyga' wehim salýar

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin söz sözleýär.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlaryny Orsýeti “saklamaga» synanyp, «global durnuklylyga» wehim salmakda aýyplamak bilen, täze daşary syýasat doktrinasyny öňe sürdi.

Putin Moskwa Waşingtonyň «dostlukly däl hereketlerine berk gaýtawul bermäge» haklydyr diýdi.

Orsýetiň hökümeti bu doktrinany 1-nji dekabrda çap etdi.

Bu dokumentde esasan Putiniň ozalky, 2013-nji ýylda öňe süren daşary syýasat doktrinasynda aýdylan zatlar gaýtalanýar.

Emma täze doktrinada, Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň Moskwa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edenligi, gündogar Ukrainadaky separatistlere harby goldaw berýänligi üçin edýän basyşyna gezek gelende, äheň güýçlenýär.

Doktrina bu hili basyşyň Orsýetiň çäklerinden daşarlaryk hem howp salýandygyny aýdýar.

"Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň Orsýeti saklamak syýasaty we syýasy, ykdysady, maglumat we beýleki basyş çärelerini ulanmagy regional we global durnuklylygy gowşadýar» diýip, dokumentde aýdylýar.

Orsýet Waşingtonyň rus resmilerine we raýatlaryna garşy sanksiýa girizmegine, olary üçünji ýurtlardan ekstradisiýa etmegine uzak wagt bäri protest bildirýär.

Şeýle-de Moskwa ABŞ-ny Orsýetiň içerki işlerine gatyşmakda günäleýär.
Täze doktrina Moskwanyň berip biljek gaýtawuly barada has köp detallary açyp, Orsýetiň «harby, syýasy, ykdysady ýa-da beýleki ugurlar boýunça basyş görkeziljek bolunmagyny kabul etmeýändigini, dostlukly däl hereketlere berk gaýtawul bermek hukugyny özünde saklaýandygyny aýdýar.

Kreml we uly rus resmileri saýlanan prezident Donald Trampyň dolandyryşy astyndaky Waşington bilen has gowy gatnaşyk gurmak mümkinçiliklerine umyt bildirdiler.

Tramp prezident Putin barada oňyn gürrüň etdi we Moskwa bilen gatnaşyklary düzedip, terrorçylyga garşy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň häzirki prezidenti Barak Obama 2015-nji ýylda täze milli howpsuzlyk strategiýasyny çap edip, onda Orsýeti regional bozgak we dünýä durnuklylygyna wehim hökmünde häsiýetlendirdi. Bu Obamanyň Moskwa bilen syýasaty «täzeden gurmak» barada 2010-njy ýylda çap eden öňki dokumentiniň hyzmatdaşlykly äheňinden görnetin başga mazmuna geçilendigini görkezýär.

Orsýetiň täze daşary syýasat doktrinasy Moskwanyň Birleşen Ştatlar bilen «özara bähbitli gatnaşyklary» gurmaga, şol sanda ykdysadyýet we ylym pudaklarynda hyzmatdaşlyga gyzyklanýandygyny görkezýär.

Emma doktrina bu hili hyzmatdaşlygyň diňe «deňlik, özara bähbitleri sylamak, bir-biregiň içerki meselelerine goşulmazlyk» esasynda amala aşyrylyp biljekdigini nygtaýar.

Täze doktrinada Orsýetiň NATO babatdaky pozisiýasy umuman üýtgewsiz galdyrylýar we Moskwanyň bu harby ýaranlyk bilen «deň hyzmatdaşlyk» esasynda işleşmek isleýändigi aýdylýar.

Emma onda Moskwanyň NATO-nyň kem-kemden rus serhetlerine çenli giňelmegi babatdaky gahary ýene bir gezek gaýtalanýar. Ýogsam bolmasa ýaranlyk özüniň Orsýete hiç hili wehim salmaýandygyny gaýta-gaýta aýdyp gelýär.

Täze doktrina NATO-ny «Orsýet bilen günbatar hökümetleriniň gatnaşyklarynda çynlakaý krizis döretmekde» aýyplaýar.

Edil öňki doktrinada hem bolşy ýaly, Putiniň soňky daşary syýasat doktrinasynda hem Orsýet bilen ÝB ýurtlarynyň arasyndaky wiza düzgünini aýyrmaga çagyryş edilýär we munuň «iki tarapyň arasyndaky giň gatnaşyklary ösdürmegiň öňündäki esasy böwetdigi» aýdylýar.

Täze dokument, ozalkyda hem bolşy ýaly, Germaniýa, Fransiýa we Italiýa bilen gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtaýar.

2013-nji ýyldaky dokumentde Niderlandiýa hem agzalýardy, emma täzede agzalmaýar.

Täze doktrinada Britaniýa hem ýatlanylmaýar.