'Talyban' gazgeçiriji, demir ýol proýektlerine zyýan ýetirmejegini aýtdy

Türkmenistan-Owganystan demir ýoly, Akina, 28-nji noýabr, 2016.

Owgan parlamenti demir ýol proýektini gutlady.

Owganystanyň Milli mejlisi 30-njy noýabrda geçiren ýygnagynda, Türkmenistandan Owganystanyň Akgine bederine çenli çekilen demir ýolunyň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Demir ýol gurluşygynyň Owganystan üçin ähmiýetli boljakdygyny deputatlar öňe sürdüler.

Talyban hereketi hem bir beýannama ýaýradyp, milli bähbitli proýektlere, hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna, demir ýol gurluşygyna we elektrik geçirijisiniň desgalaryna özleriniň zyýan ýetirmejekdigini yglan etdi. Belki, il bähbitli proýektleriň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça özleriniň alada etjekdigini mälim etdi.

Özüni Talyp hereketiniň sözçüsi diýip tanyşdyran Zebihulla Mujähet öz hususy Tvitter ýazgysynda, milli proýektlere talyp söweşijilerine zyýan ýetirmezlik barada tabşyryk berlendigini beýan etdi. TOPH proýektiniň, demir ýol gurluşygyny we elektrik geçirijisiniň başda durýandygyny Mujähet öz beýannamasynda ýazdy. Gerek bolsa bu proýektleriň howpsuzlygynyň üpjünçiligi boýunça-da talyp ýaraglylarynyň çäre görjekdigi ol beýannamada bildirilýär.

Owganystanyň Söwda ministrliginiň metbugat wekili Musafur Kokandy hem döwlet garşydaşlary TOPH proýektine umyt bildirýärler diýdi. Bu gaz geçirijisiniň gurluşygyna owgan topragynda tizlikde başlanjakdygyny Kokandy mälim etdi.

Ýöne prezident edarasynyň metbugat wekili Talyban toparynyň ýaýradan beýannamasyna şübheli garaýar. “Talyp hereketi ýurduň on bir welaýatynda 302 mekdebiň binasyny, 41 saglyk merkezini, 5 müňden gowrak halkyň ýaşaýyş jaýlaryny weýran edipdi. Talyban halkyň mal-emlägine zyýan ýetirýär. Şeýle ýagdaýda biz olaryň beýannamasyna nädip ynanaly? Talyplar hakykatdan il bähbitli taslamalara zyýan ýetirmezlik kararyna gelen bolsa, ony iş ýüzünde görkezsin” diýip, sözçi belledi.

30-njy noýabrda Owganystanyň parlamentiniň başlygynyň orunbasary, deputat Nygmatulla Gapbarynyň aýtmagyna görä, demir ýol gurluşygynyň Owganystan üçin ähmiýeti has uludyr. “Mundan beýläk iri energetiki proýektleriň işini amala aşyrmaga-da mümkinçilik dörär. Hökümeti we owgan halkyny demir ýol gurluşygynyň Akgine bölüminiň açylmagy bilen gutlaýarys. Şu pursatdan döwlet gowy peýdalanar” diýdi.