Türkmenistanda ýylanmak uly mesele

Daşoguz welaýatynda kerpiçden salnan we gaza çatylyp işledilýän peçler köp duş gelýär, 22-nji noýabr, 2016.

Şu günler Türkmenistanda aýazly howa şertlerinde ilat köpçüligi ýylanmak meselesinde agyr kynçylygy başdan geçirýär.

Ýurduň dürli regionlaryndan gowuşýan maglumatlara görä, köp raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryny ýylatmaga mümkinçiligi ujypsyz, mekdepler ýaly jemgyýetçilik binalarynyň ençemesiniň ýylaldyş sistemasy kämil däl.

23-nji noýabrda Daşoguz welaýatynda howa gijelerine 14 gradusa çenli sowuk boldy, geçen gije 16 gradusdan pesde boldy.

Regionyň ençeme ýerinde soňky günlerde ýagan garyň doňy çözülenok.

Şäherlerde ýaşaýyş jaýlar esasan merkezleşdirilen tertipde ýyladylýar, ýyladyş gurallarynyň güýji pes bolsa-da, belli bir derejede işleýär.

Emma obalarda adamlar sowukdan kösenýärler diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

“Şu günler ýylanmak gaty uly mesele, adamlar köplenç öýlerde peçleriň daşynda üýşüp ýylanyp oturýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mekan Täşliýew habar berýär.

Gaz, tok kesilýär

Daşoguz welaýatynyň oba ýerlerinde ýaşaýyş jaýlar esasan gaz bilen ýylaldylýar. Jaýlaryň döwrebap ýylaldyş sistemalary we kerpiçden salnan ýönekeý peçleri gaza çatylýar.

Emma soňky günlerde regionyň birnäçe etrabynda gaz örän haýal berlipdir ýa-da asla birnäçe günläp asla kesilipdir. Hususan-da, Nyýazow etrabynyň käbir obalarynda üç gije-gündiz bäri gazyň ýokdugy aýdylýar.

“Peji gyzdyrmak beýlede dursun, çäýnegi üç sagatlap zordan gyzdyrýarlar. Dört gün bäri agşam sagat 18 töwereginde elektrik togy öçýär” diýip, adynyň tutulmagyny islemedik ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Onuň, şeýle-de, habar bermegine görä, Nyýazow etrabynyň Şatlyk daýhan birleşiginde elektrik togunyň kesilenine üç gün bolupdyr. Şeýle-de, 19-njy noýabrda Köneürgenç etrabynda dört sany oba gazsyz galypdyr.

“Täzeýap, Buýanly, Saryköl we fermerler posýoloklarynda ýaşaýan 300 çemesi hojalyk 21-nji noýabrda sagat 17-ä çenli sowuk howada odun ýakyp, gününi geçirdi. Bu obalarda elektrik togy 100 woltdan geçmedi. Toguň güýji elektrik peçlere ýetmeýär, çyra-da zordan ýanýar. Oba ýaşaýjylary çäresiz ýagdaýda galdylar, odun çapmak hem bu sowuk howada uly alada” diýip, Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky ýene bir çemesi habar berdi.

Daşogzuň Ruhubelent etrabynyň obalarynyň ençemesinde-de soňky günlerde gaz üpjünçiligi uzak wagtlap bolmandyr.

Çagalar sowukda sapak almaly boldy

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ençeme obasynyň, şol sanda Döwletli, Magtymguly obalarynyň mekdeplerinde çagalar sowukda sapak almaly bolupdyr.

“Sowuk howa sebäpli okuwy ýatyrmadylar, iki-üç sagatlyk bolsa-da sapak geçdiler. Emma çagalar klaslarda geýimlerini çykarman oturdylar”, diýip habarçymyz Mekan Täşliýew aýdýar.

Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary hem klaslarda ýyly geýnip sapak alypdyr.

Türkmenistanda welaýat obalarynyň ençemesinde orta mekdepler şu günki güne çenli demir peçler bilen ýyladylýar.

Howply hadysalar

Lebabyň obalarynda ýaşaýyş jaýlary ýylatmak üçin, köp ulanylýan gurallaryň arasynda odun ýa-da kömür ýanýan demir peçler köp duş gelýär. Emma şeýle peçleriň tüssesiniň zyýany we ýangyn döremeginiň ähtimallygy sebäpli howpsuz däldigini ýaşaýjylar aýdýarlar.

Emma Daşoguz welaýatynda köp duş gelýän kerpiçden salnan we gaza çatylyp işledilýän peçleriň-de howpsuz däldigi habar berilýär.

“Şeýle peçler howply. Meselem, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýaňy-ýakynda bir tanyşym Gülşirin daýza peçden ýylanmak üçin ýaplananda, köýnegi ot aldy, tutuş maşgalasy bolup ody söndürip, ony zordan halas etdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy Mekan Täşliýew gürrüň berdi.

'Gülşirin daýza peçden ýylanmak üçin ýaplananda, köýnegi ot aldy'

Türkmenistanyň regionlarynda elektrik togunyň ýygy-ýygydan kesilýändigi we umuman güýjüniň gowşakdygy sebäpli jaýlary ýylatmak üçin, elektrik peçleri ulanyp bolmaýar. Sowuk howada şeýle peçleriň köp zaýalanýandygyny hem ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Türkmenistanda aýazly howanyň gelmegi bilen paýtagtyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş sistemasy kadaly işlemedi.

21-nji noýabrda türkmen hökümetiniň iş maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow ýurtda ýaşaýyş jaýlaryň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş sistemasynyň kadaly işlemegini, olaryň elektrik togy we gaz bilen üpjün edilmegini tabşyrdy. Öz tarapyndan regional ýolbaşçylary “ýyladyş sistemalarynyň sazlaşykly işledilýändigi” barada hasabat berdiler.