Türkmenistanly musulmana ekstradisiýa howpy abanýar

Tussag

«Memorial» adam hukuklary merkezi türkmenistanly musulmana Orsýetden ekstradisiýa edilmek howpunyň abanýandygyny habar berýär.

«Fergana» habar gullugy «Memorialyň» Merkezi Aziýa programmasynyň direktory Witaliý Ponomarýewiň «Türkmenistan: «bir hudaýlylyk» üçin gözlenilýär. Türkmen musulmanynyň Sank-Peterburgdan ekstradisiýa edilmegi baradaky iş» atly hasabatyny çap etdi.

Bu hasabatda resmi Aşgabadyň talaby bilen tutulan 43 ýaşly türkmenistanly Aşyrbaý Bekiýewiň işi barada jikme-jik maglumat berilýär.

Aşyrbaý Bekiýew Türkmenistanda göçýäniň durumyny alyp, 2009-njy ýyldan bäri Sank-Peterburgda ýaşaýar we maý aýynda tussag edildi.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistan ony Sankt-Peterburgda okaýan türkmen studentleriniň arasynda «yslam fundamentalizmini wagyz etmekde» we soň Türkmenistanyň çäginde ekstremist ideýalaryny ýaýratmagy maksat edinmekde aýyplaýar.

Hukuk goraýjy guramanyň pikirine görä, Türkmenistana berlen ýagdaýynda, Aşyrbaý Bekiýewe diňe gynalmak we adalatsyz sud däl, eýsem Owadandepe türmesinde, öňki bir topar tussag ýaly, diri ýitmek howpy abanýar.