Stambulda jenaýat edýän türkmen toparynyň üsti açyldy

Illýustrasiýa.

Türkiýäniň Stambul şäherinde guramaçylykly jenaýat edýän türkmen toparlaryň öz türkmenistanly raýatlaryna garşy edýän jenaýatlarynyň üsti açylypdyr. Stambulda guramaçylykly jenaýatçylar tarapyndan talanan bir türkmen raýaty telewideniýede çykyş edip, kömek sorapdyr.

Türkmen migranty Stambulda gündelik işlerde işläp, Türkmenistandaky maşgalasyna we hossarlaryna pul iberýän ekeni. Ýöne ol soňky gazanan pullaryny Türkmenistanda mätäçlik çekýän maşgalasyna iberip bilmändir.

Türkiýäniň ATW telekanalyna Serhet ady bilen interwýu beren türkmen raýatynyň gürrüňine görä, türkmenistanly bir zenan internetiň üsti bilen ondan kömek sorapdyr. Ol zenan özüniň Türkmenistandan ýaňy gelendigini we tanyş-bilşi bolmansoň, häzirlikçe köçede galýandygyny aýdypdyr.

Ildeşiniň ýagdaýyna haýpy gelen türkmen migranty internetde görkezilen salgy boýunça ol zenana kömek etmäge barypdyr. Soň ol zenan telefonda oňa: "Men şu wagt goş-golamlarymy ýygnaýan. Häzir meniň bir garyndaşym baryp, seni meniň ýanyma alyp gaýdar. Sen geleniňden soň goşlary taksä ýükläp gideris" diýipdir.

"Galmaga ýerim ýok, pulum gutardy"

Onuň ýanyna bir türkmenistanly raýat gelipdir. Olar çola bir ýere barypdyrlar. Şol wagt gabatdan üç sany türkmen migranty çykypdyr we olar dört bolup, oňa pyçak çekip, haýbat atyp, jübüsindäki pasportyny, iki ýüz dollaryny, iki ýüz türk lirasy puluny we telefonuny talap alypdyrlar.

Aýdylşyna görä, türkmenistanly ol zenan internetde ýa-da sosial mediada öz ildeşleri bilen ýörite tanşyp, dostlaşyp, soňam "galmaga ýerim ýok, pulum gutardy" diýen bahanalar bilen olary şol guramaçylykly jenaýat toparynyň duzagyna düşürip berýär ekeni.

Türkmenistanly migrant Serhet we onuň bilen bir öýde bolýan ildeşi hem ýene şol türkmen zenany tarapyndan, Stambulyň Ikitelli diýen ýerine çagyrylypdyr. Bu gezek türkmen migrantlary ätiýaçdan Sinan Keleş atly türk goňşusyndan kömek sorapdyrlar.

Olar guramaçylykly jenaýat edýän türkmenistanly topardan, Serhediň pasportuny gaýtaryp almak isläpdirler. Ýöne olaryň garşysyna gaty köp ýaragly adam çykansoň, alaçsyz yzyna gaýtmaly bolupdyrlar.

Talaňçylyklar

Şeýle ýagdaýa uçran bir türkmen raýatynyň aýtmagyna görä, guramaçylykly jenaýat toparlary köp ýyldan bäri Stambulda şeýle talaňçylyklary we jenaýatlary edip gelýärler. Iň bärkisi, olar Türkiýä işlemäge gelýän türkmen raýatlaryň pasportyny aeroporta aldap elinden alyp, soňam yzyna gaýtaryp bermek üçin, ummasyz pul talap edýärler. Ol bir gezek Stambulyň aeroportyna bir ildeşini garşy almaga baran mahaly guramaçylykly jenaýat edýän türkmen toparynyň agzalary tarapyndan saklanypdyr.

Soň olar onuň we ýanyndaky ildeşiniň pasportyny, pullaryny, telefonlaryny we başga-da pula durar ýaly nämesi bar bolsa talap alyp gidipdirler. Ol özüniň wizasyz bikanun ýagdaýy sebäpli türk polisine ýüz tutup bilmändigini we guramaçylykly jenaýat edýän türkmen toparlaryň hem hut şeýle ýagdaýdan peýdalanýandygyny gürüň berýär.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ol türkmen migranty guramaçylykly jenaýat edýän türkmen toparynyň talaňçylyklardan daşaryn jana kast etmek we adam ýaralamak ýaly jenaýatlary-da amala aşyrýandygyny belleýär.

Türkiýede işleýänleriň aglaba köpüsiniň wizasyz bolandygy üçin, türk polisiýasyna arz-şikaýat edip bilmeýärler. Käbir türkmen migranty bolsa öz gazanjyndan, şeýle toparlara yzygiderli paç bermäge mejbur galýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.