Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açilowa basyş astynda galýar

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa Türkmenistanyň Arçman şypahanasynda bejergi alýan wagtynda, hüjüme sezewar edildi we ondan şypahanany terk etmek soraldy.

Soltan Açylowa Arçman şypahanasynda 31-nji oktýabrda bejergi alyp başlandygyny, 8-nji noýabrda näbelli iki zenan tarapyndan hüjüme sezewar edilendigini gürrüň berdi.

Soltan Açylowa: “Agşam sagat dokuzyň ýarynda şypahanada dynç alýanlara gatyk berilýär. Menem bardym, biraz garaşdym. Şonda iki sany aýal ‘ynha, şu-da’ diýdiler. Ikisi iki ýerden gygyryp başladylar. ‘Ynha, şu-da, magaziniň öňünde surata düşürip, internete goýup, Türkmenistany masgara edýän şu-da’ diýip, ikisi iki ýerden bile gygyrýar. Özlerem şeýle bir gaty ses bilen gygyrýar, adamlaryň ünsüni çekmek üçin, hemme eşider ýaly”. Onsoň menem gaty ýöräp otagyma bardym we gapyny gulpladym. Bir salymdan geldiler-de gapyny kakdylar, kakdylar, soň gitdiler”.

'Ony men diýip çalşyrypdyrlar'

Soltan Açylowa bu ýagdaýdan ozal şol günüň özünde şypahanada ýene bir hüjümiň bolandygyny gürrüň berdi: “Aýyň sekizi güni irräkden sagat 17:30 töweregi meniň ýaşaýan korpusymyň koridorynda bir garry aýaly iki sany aýal urupdyr, silterläp horlapdyr, onuň ‘sen surat alýaň’ diýip üstüne gygyrypdyr. Ony beýleki dynç alýanlar kynlyk bilen şol iki sany zenanyň elinden alypdyr. 75 ýaşlaryndaky garry aýal özünden gidipdir. Nobatçy lukmanlar gelip, zenana sanjym edip özüne getiripdir”.

Soltan Açylowanyň gürrüň beren bu hadysasynyň öz başdan geçiren ýagdaý bilen baglydygyny hasap edýär we hüjümçileriň ýalňyşyp başga bir aýaly süteme sezewar edendigini çak edýär: “Muňa men soň düşündim, şol aýaly koridoryň ugrunda garşylap hüjüm edipdirler. Ony men diýip çalşyrypdyrlar”.

9-njy noýabrda Arçman şypahanasynyň işgärleri Soltan Açylowanyň bejergilerini möhletden ir ýatyryp, öýüne gaýtmagyny soradylar.

“Lukmanym aýyň dokuzyna irden ýanyma geldi-de, sen şu gün gaýrat et-de gidäý diýdi. Biz haýyş edýäris diýdi. Şondan soň men ýagdaýa düşündim, meni şol ýerden aýyrmak üçin, baş lukmanyma-da görkezme berlen bolmaly. Ol hem meniň ýüzüme gelip aýdyp bilenok, sebäbi men köp ýyllardan bäri şol ýerde bejergi alýan, Arçman şypahanasyna ýygy-ýygydan barýan. Ýöne biz haýyş edýäris, ertir ýollar hem ýapylýar, kynçylyk çekersiňiz, ondan şu gün gaýdaýyň, ýene bir geleniňizde köpräk bolaýarsyňyz diýip, lukman sypaýyçylyk bilen meniň gaýtmagymy haýyş etdi”.

Polisiýa sorag etdi, kamerasy alyndy

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 67 ýaşly Soltan Açylowa 25-nji oktýabrda Aşgabatda polisiýa tarapyndan soraga çekilipdi we soňra nämälim adamlaryň hüjümine hem talaňçylygyna sezewar bolupdy.

Soltan Açylowa Aşgabadyň “Laçyn” atly döwlete degişli dükanynyň öňünde emele gelen uzyn nobaty surata düşüren mahaly, polisiýa tarapyndan birnäçe sagat saklanypdy we nämälim adamlar onuň kamerasyny talapdylar.

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna, şol sanda Soltan Açylowa edilýän hüjümleri ýazgaryp beýannama ýaýratdy.

“Türkmen häkimiýetleri Açylowanyň we şonuň ýaly beýleki habarçylaryň öz işini ar almazdan we esassyz goşulmazdan ýerine ýetirmegine mümkinçilik dörediljekdigine kepil geçmeli” diýlip, guramanyň 7-nji noýabrda ýaýradan beýannamasynda bellendi.

Türkmenistanda türkmen dilindäki ýeke-täk alternatiw habar serişdesi bolan Azatlyk Radiosy bilen işleşýän Soltan Açylowa ýurtda ilat köpçüliginiň gündeki durmuşyna degişli problemalar barada maglumat berýär.

Häzirki wagtda Soltan Açylowanyň interneti we telefonlary işlemeýär.