'Ahal-teke atlarynyň diňe 11%-niň gan arassalygy tassyklandy'

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Beghan atly at bilen. Aşgabat, 23-nji aprel, 2016.

Dünýä derejesinde Ahalteke atlary boýunça iş alyp barýan esasy edaralaryň biri Orsýetiň atçylyk boýunça ylmy-barlag instituty soňky 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanda tohum arassalygy ylmy barlaglar esasynda tassyklanan ahal-teke atlaryň sanynyň 96.8% derejesinden 11% -e çenli azalandygyny aýdýar.

Şeýle-de Orsýetiň atçylyk boýunça ylmy-barlag instituty türkmen atlary boýunça iş alyp barýan “Ýanardag” atly halkara ekspertler merkezine beren resmi jogabynda özüniň Türkmenistanyň “Türkmen atlary” atly döwlet konserni bilen 2014-nji ýylda hyzmatdaşlygyny ýatyrandygyny, 2011-2012-nji ýyllarda öz laboratoriýalarynda ahal-teke atlarynyň ganyny barlamak boýunça geçiren işleri barada habar berip, türkmen tarapynyň 958 sany atdan diňe 577-si üçin tölegi ýerine ýetirendigini habar berýär.

Orsýetiň atçylyk boýunça ylmy-barlag institutynyň resmi jogaby

Azatlyk Radiosy “Ýanardag” atly halkara ekspertler merkezine berilen bu resmi maglumatlar barada Ýewropada döredilen bu merkeziň ýolbaşçysy we “Türkmen atlary” döwlet konserniniň öňki ýolbaşçysy Geldi Kärizow bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

'Ahal-teke atlarynyň diňe 11%-niň gan arassalygy tassyklandy'