Azerbaýjanyň öz garaşsyzlygyny yglan edenine 26 ýyl bolupdyr. Şunça ýylyň dowamynda ýurtda nebitiň güýji bilen dürli üýtgeşiklikler emele geldi. Ýöne kino sungaty ýurtda ösüşe eýe bolmandyr. Hatda ýurduň kino pudagy dikeldilmändirem. Surata düşürilen kinofilmler diňe tanadyş güni we ondan daşaryn haýsam bolsa bir çäre çäginde görkezilipdir. Halk köpçüligi bolsa täze kinolardan bihabar bolupdyr.
Sebäbi ýurtda düşürilen kinofilmleriň halk köpçüligine hödürlenmegi, ýagny "prokaty" guramaçylykly amala aşyrylmaýar. Prokatsyz kino edilen çykdaýjy ýöne ýere sowulan pula öwrülýän ýaly bolýar. Ýöne 70-nji ýyllarda eýe bolnan Sowet tejribesi, kinoprokatyň diňe bir kinomatografiýa üçin däl, galyberse-de ýurduň umumy ykdysadyýeti üçin hem örän möhüm rol oýnaýandygyny subut edipdir. "Iskusstwo kino" (Kino sungaty) atly žurnalyň redaktory Daniil Dondureýiniň makalasy hem ýaňky tejribe barasynda söz açýar.
Sowet döwründe kino özgä mätäç bolmaýan we şol bir wagtyň özünde hem ummasyz girdeji getirýän ýeke-täk pudak ekeni. Sebitlerde nagt pula mätäçlik çekilen mahaly welaýat ýa-da şäher kinoprokat şahamçasyndan halkyň halaýan, meselem, "Brilýanly el", "Zorro", "Ýeseniýa" ýaly kinofilmlerinden biriniň ýedi-sekiz nusgasyny ibermek ýeterlik bolmak bilen ähli meseläni çözýär ekeni.
Wolgogradda mugallymlaryň, doktorlaryň aýlyklaryny tölemek üçin pul galmadyk wagtynda, Moskwadan satylar ýaly "Ýeseniýa" kinofilminiň 10-15 sany nusgasyny iberipdirler. Ol kinofilm etraplarda gaty ýörgünli bolupdyr we şeýlelikde esasy girdeji çeşmesine öwrülipdir.
Sowet kinoprokaty öz taryhyndaky iň uly rekordy 1971-nji ýylda goýupdyr. Şol ýyl kinoteatrlara tomaşa etmäge baranlaryň sany 5 milliarda golaýlapdyr we bu 4.8 milliard bilete barabar bolupdyr.
60-njy we 70-nji ýyllarda orta gatlagyň sowet raýatlary – täze doglanlar we garrylar bilen bilelikde ýylda ortaça 15-19 gezek kino gidipdirler. Şol döwürde Sowet soýuzynyň şärigi Gündogar Ýewropa, belki-de, bütin dünýäde tomaşaçy sany taýdan birinji orunda durupdyr.
Şol ýyllarda kinoprokatda umumy ulgamyň ýaýbaňlanmagy bilen üstünlikli sepgitlere ýetilipdir we ýüzlerçe ullakan kinoteatrlar gurlupdyr. Her ýaşaýyş böleginde sekiz ýüz we müň adamlyk tomaşaçy sygýan kinozallar gurmak plana girizilipdir. Olara kitaphana ulgamlary, ädikçi ussahanalary, naharhanalar, kir ýuwýan ýerler, dükanlar hem "goşulypdyr". Teatrlara ýa-da beýleki medeniýet öýlerine garanda (meselem, muzeýlere), müň adamlyk kinoteatrlar salmak esasy ýörelge edilipdir.
80-nji ýyllaryň ortasynda SSSR-de bäş müň zalda we mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda, klublarda, medeniýet öýlerinde, jemi 70 müň kino enjamy bar ekeni. Çagalar we garrylar hasaba alynmanda-da, sowet raýaty ýylda 40-50 gezek kino gidýän ekeni. Şol döwürde adamlar "Ýeseniýa" kinofilmine ençeme gezek gaýtadan tomaşa edipdirler. Başgaça aýdylanda, halkyň aglaba köpçüligi, esasanam ýaşlar her hepde kinoteatrlara ýykgyn edipdirler.
Sowet soýuzynyň jemgyýetçilik ýaşaýyş ulgamynda dynç alyş üçin kazino, oýun awtomatlary, keýpi-sapa merkezleri döredilmändir. Restoranlarda dynç alyp, wagtyňy geçirmek bolsa gaty gymmat düşüpdir. Ýurtda ýapyk režim höküm sürensoň, turizm mümkinçilikleri-de diýseň çäkli bolupdyr. Hut şeýle ýagdaýda kinoteatrlar iň esasy wezipäni ýerine ýetiripdir. Meselem, ýaşlara duşuşyk üçin jaý ýa-da otag tutmak, olam bolmasa myhmanhana gitmek üçin ummasyz çykdaýjy edilmeli bolansoň, olaryň deregine kinoteatrlara ürç edipdirler.
Sowet prokatynda adaty ýagdaýda 220-250 sany kinofilm halka hödürlenipdir we olaryň takmynan 140 sanysy ýerli kinofilm bolupdyr. Meselem, Tarkowskiniň "Aýna", Alekseý Germanyň "Ýollardaky synag" ýaly kinofilmleri gaty kyn ýagdaýda ekranlara çykmaga mümkinçilik berlipdir.
Bu ýerde gaty täsin bir ýagdaýy ýatlap geçmek gerek. Sowet Soýuzynda umuman alynanda 130 sany welaýat bar ekeni. Her sebite we welaýata halka hödürlenmeli kinofilmlerden bir nusga iberilmeli ekeni. Ýöne olar iberilmändir. Täze surata düşürilen bir kinofilm iň azyndan 130 nusga görnüşinde taýýarlanmaly ekeni. Eger Döwlet kino edarasy kinofilmiň ýeterlik nusgasynyň taýýarlanmagy barasynda karar kabul eden bolsa, onda sebitdir-welaýatlaryň köpüsi ol kinony almandyr.
Senzuranyň başgaça sapalaklary hem bar ekeni: Meselem, Bergmanyň "Çybykly meýdan" atly kinofilmini Türkmenistana iberipdirler. Hindi filmlerini bolsa has köp Estoniýa we Latiwýa gönükdiripdirler.
Her ýyl sowet ekranlaryna çykan daşary ýurt kinofilmleri iki topara bölünipdir: filmleriň ýüzden 50 göterimi sosialist dünýägaraýşa eýe bolaýmaly ekeni. Ýöne bu ýerde hem hökmany suratda üns berilmeli kadalar bolupdyr. Meselem, Demokratik Germaniýa respublikasynda surata düşürilen ýedi kinofilmiň ählisi sowet prokatynda görkezilipdir. Ýöne, meselem, Çehoslowakiýa, Wengriýa, Polşa ýaly "şübheli" sosialistleriň kinofilmlerini senzura saýlapdyr.
Galan ýüzden 50 göterimi bolsa kwota görä beýleki ýurtlaryň kinolary emele getiripdir. Eger bir ýylda alty-ýedi sany Amerikan kinosy görkezilmeli bolsa, bu sany diňe Merkezi komitetiň ýolbaşçylary köpeldip bilipdir. Ol hem, meselem, Leonid Brežnewiň ABŞ-a sapary bilen baglanyşykly ýagdaýda bolupdyr. Şeýle ýagdaýda sekizinji kinony, meselem, "Makkenanyň gyzyllary" atly western kinofilminiň prokatyna rugsat berlipdir.
Uly welaýatlarda kinofilmleriň nusgalarynyň saklanýan filmotekalary bolupdyr. Mundan daşaryn hatda ýarym million ýa-da iki müň ilatly ýerleriň hem filmotekalary bolupdyr. Şäherlerde kinofilm görkezýän göçme kinoçylar film nusgalaryny şol filmotekalardan alypdyrlar.
Göçme kinoçylarda filmleriň biletleriniň bahasy 5 köpükden 10 köpüge çenli baryp ýetipdir. Tutuş ýurtda kinoteatrlarda çagalar üçin biletler hem şol bir bahadan satylypdyr. Kämillik ýaşyna ýetenler üçin bolsa kinolaryň biletleriniň (petekleriniň) bahalary 20 köpükden 1 rubl 40 köpüge çenli baryp ýetipdir. Ullakan kino senagatyny öz garysyna galdyrmak üçin bilet bahalaryndan gazanylýan girdejileriniň ýüzden 6 göterimi ýeterlik bolupdyr.
Hemme ugurda bolşy ýaly kinoprokatda hem anyk plan hökmany suratda ýerine ýetiriläýmeli ekeni. Prokatçylar şonuň üçinem dürli sapalaklara ýüz urupdyrlar.
Olaryň ilkinji esasy açyşy – iki seriýaly, ýagny bölümli kinofilmler bolupdyr (belki, hut şeýle bolansoň, bir ýylda adam başyna düşýän tomaşa edilen kino sanynyň mukdary 19-a ýetipdir). Umuman alynanda, iki bölümli kinofilmler o diýen köp görünmese-de, az hem bolmandyr. Surata düşürilen her 140 kinodan 30 sanysy iki bölümli bolupdyr. Esasy bellemeli zat, iki sagatdan köp dowam eden kinony iki bölümde görkezmäge ygtyýar berlipdir.
Hronometraž az bolan halatynda bolsa, ikinji bölümiň başynda birinji bölümde bolup geçenleriň mazmuny görkezilipdir. Ýöne bu ýerde esasy mesele – iki bilet ekeni. Sen bir kino diýip gelen mahalyň kassada saňa iki bilet satýarlar. Şeýlelikde, hasabata görä, ol adam iki adam ýaly kabul edilýär. Biletiň aňrybaş bahasy (eger ýörgünli ýa-da uzyn metražly bolsa) 70 köpük bolupdyr. Kinofilm iki bölümli edilen halatynda, bir adamdan 1 rubl 40 köpük gazanmak mümkin ekeni.
Ortaça aýlygy 100 manat bolan ýönekeý raýatlar üçin bu ummasyz pul hasaplanypdyr. Onda-da kino diňe ýeke özüň giden mahalyň. Eger ýaş ýigit kinoteatra bir gyz bilen gidäýse, ol 1,40 köpüklik iki sany bilet alaýmaly bolupdyr. Onuň üstesine ol ýerde bufetde oduk-buduk garbanaýsa – bu gaty uly girdeýji gazandyrypdyr.
Aslynda girdejiniň ýarysy ýerli häkimiýete berlipdir (raýkom, ispolkom). Hut şonuň üçinem olar kino bilen çakdanaşa içgin "gyzyklanypdyrlar". Kinoteatrlar şäher durmuşyna mahsus bolupdyr. Işgärleriň – petekçileriň (bilet satýanlaryň), kinomehanikleriň, gözegçileriň näçe aýlyk alýandygyna garamazdan, görkezilýän kinolardan alynýan puluň ýarysy şähere berlipdir. Indi ýagşy oýlanyp görüň: kinoteatrda uruşly kino görkezilen mahaly zal hyryn-dykyn dolýan ekeni.
Birinji tomaşaçy toparyny ir bilen sagat 8:30-da kabul edip, ahyrkyny bolsa agşam sagat 22:00-de goýberen mahalyň 1.40 bahadan birnäçe tapgyryň gazandyrjak girdejisi 100 müňe golaý ummasyz bolupdyr. Üstesine, gazanylýan girdeji nagt pul bolupdyr, wirtual ýa-da nesýe hem bolmandyr. Şeýlelikde, prokatdan gazanylýan her bir rubldan 50 köpük şäheriň gaznasyna gidipdir.
Bu bolsa şäheriň ähli çykdajylaryna ýetipdir – jemgyýetçilik hyzmatlary, aýlyk-günlükler, abadanlaşdyryş işleri we ş.m. Şeýle hyzmatlaryň jemine 15-20 köpük çykdajy edilipdir. Bu ýagdaý kinoteatrlardan gazanylan pullaryň üçden bir böleginiň arassa girdeji bolýandygyna güwä geçýär.
Elbetde, totalitar ideologiýany göz öňünde tutman ýagdaýa üns bermän bolmaz. Önümçilige geçilen mahaly we öndürilip, gutarnykly tabşyryljak mahaly kinofilmler birnäçe senzura tapgyryndan geçirilipdir. Diňe, meselem, Sergeý Bondarçuk üçin ol tapgyrlaryň sany az bolupdyr. Ýöne ýönekeý adamlara bu ugurda geçilmeli hupbatly sepgitler köp bolupdyr.
Emma ssenariýa kinostudiýa tabşyrylyp, ekrana hödürlenýänçä, ol kino 10-14 gezek barlagdan geçirilipdir. Kinostudiýanyň hatarynda köpsanly bölümler iş alyp barypdyr – arkalaşyklar, baş redaksiýa, studiýanyň çeper geňeşi, Döwlet kino edarasynyň baş redaksiýasy we ş.m. Hemmesi olaryň garamagynda tassyklanypdyr, täzeden ýazylypdyr we ençeme gezek düzeldilipdir. Merkezi komitetde, partiýanyp welaýat komitetlerinde ýörite resmiler bu ugurda ygtyýarly bolupdyr.
Elbetde kinomatografýaçylar derňewleriň hemmesinden geçmek we ideologiýany ýaýbaňlandyrmak üçin, dürli sapalaklar oýlap tapypdyrlar. Meselem, kinofilmden soň aýrylmaly bölüm höküminde sosial sahna goýupdyrlar (Şeýle sapalaga "Ak pudel kadasy" diýip at beripdirler. A. Gaýdaý "Brilliýatly el" kinofilminde şeýle sapalakdan peýdalanypdyr). Ýa bolmasa ogşaşylýan sahnany, ýarym-ýalaňaç roldakylary gizlemek üçin, kinoda diňe ýatylýan ýeri görkezipdirler. Şeýlelikde, ýatak otagyndaky sahna kesilipdir we diňe ogşaşylýan sahna galypdyr.
Wasiliý Piçulin 1988-nji ýylda halk köpçüligine hödürlenen "Kiçijik Wera" atly kinofilmi bilen SSSR-iň taryhynda 50 million bilet rekordyny goýan iň soňky filmi taýýarlapdyr. Ol film çeperçilik kadalaryna görä däl, eýsem "zenan tematikasyna" görä tapawutlanypdyr. Halk ilkinji gezek ekranda şeýle zady görüpdir. Mekdep okuwçylary klas ýolbaşçysy mugallymlary bilen topbak-topbak bolup, üýşüp kinoteatrlara gidipdirler. Şeýlelikde 1988-nji ýylda Sowet Soýuzynda bar bolan senzura öz täsirini ýitiripdir.
Sowet kinoprokatçylarynyň ikinji açyşy diýseň sada bolupdyr. Hasabatlarda görkezilýän kinolaryň her biri hasaba ýazylman, günlere görä näçe gezek kino görkezilýändigi san görnüşinde ýazylypdyr. Bir kino, galan bütin Sowet filmleriniň tomaşa edilişiniň umumy sanyň ýüzden 50 göterimini geçip, rowaçlanan halatynda ony taýýarlanlara serpaýlar berlipdir.
70-nji ýyllarda şeýle sapalak oýlap tapypdyrlar, ýagny ir bilen sagat 9:00-da görkezilmeli kino haýsam bolsa bir ideologiki kino ýa-da "Karol Lir" filmi görkezilipdir. Ondan soň bolsa günüň dowamynda tutuşlaýyn Sofi Loreniň ýarym-ýalaňaç ýagdaýda oýnan bir italian filmi görkezilipdir. Hasabatlarda bolsa, tutuşlaýyn "Karol Lir" atly kinonyň görkezilendigi ýazylypdyr.
Şeýlelikde, 19880-nji ýylda režime agyr zarba urlupdyr. Birinjiden, Döwlet kino edarasynyň baş kinoprokat edarasy dargapdyr. Ikinjiden, senzuranyň täsiri aýrylypdyr. Her sebitiň öz kinowideo bileleşigi döredilipdir. Kinoteatrlarda repertuara gözegçilik etmek ygtyýary hem olaryň garamagyna geçipdir. Munda bazaryň talaplary esasy roly oýnapdyr. Sebitiň ýolbaşçylary her üç aýdan bir gezek Moskwa baryp, kinofilmleri synlap, saýlap alan kinolaryndan nusgalar isläpdirler we şol esasda şertnama gol çekipdirler.
Bir ýyl soň bolsa, gizlin kooperatiwler peýda bolmaga başlapdyr we 90-njy ýyllar kinoda kooperatiw döwri görnüşinde taryha ýazylypdyr. Kinofilm surata düşürmek üçin, 50 müň dollar ýeterlik bolupdyr. Kino surata düşürmek üçin hünärmen bolmaga zerurlyk galmandyr we adamlar gaty arzan bahadan kinofilm surata düşüripdirler. Hiç kim olardan institut diplomyny, ssenariýanyň derňewe iberilip, ýörite rugsat alynmagyny talap etmändir.
1988-nji ýylda daşary ýurt filmlerine tomaşa edilmegine rugsat berlipdir. Şeýlelikde, sowet kinosynda şol wagta çenli görlüp-eşidilmedik ýagdaýda bäsdeşlik döräpdir. Sowet režissýorlary şoňa çenli hiç wagt Bergaman, Hiçkok ýalylar bilen bäsleşmäge mejbur bolman ekeni. Sebäbi olaryň sowet ekranlarynda görkezilmegine mümkinçilik berilmändir. Tanymal daşary ýurt kinolaryna diňe birnäçe kinoteatrda ýa-da ýörite çärelerde, ýagny festiwallarda, fransuz, iňlis kino hepdelerinde tomaşa etmek mümkin bolupdyr. Moskwa kinofestiwalynda daşary ýurt kinolarynyň üsti bilen ummasyz pul gazanylypdyr: filmler 20 kinoteatrda görkezilidir we adamlar ir bilen sagat 7-de nobata durupdyrlar.
1988-nji ýylda senzura böwedi böwsülip geçilende bolsa, iň gowy Ýewropa we Amerika kinofilmleri ekranlarda ýörgünli bolupdyr we kinoda durşy bilen başgaça döwür başlapdyr.