Türmedäki uýgur alymy abraýly baýrak bilen sylaglandy

Ylham Tohti

Uýgur azlygynyň adam hukuklaryny goramak boýunça kampaniýa geçirendigi sebäpli ömürlik türme tussaglygyna höküm edilenuýgur-hytaý alymy abraýly adam hukuklary baýragy bilen sylaglandy.

Ylham Tohti Ženewada on sany aktiwist topar, şol sanda Halkara Günä geçiş guramasy tarapyndan, Martin Ennals baýragynahödürlenen üç adamyň arasyndan seçildi.

Tohti Hytaýyň türk dilli, musulman dinine uýýan uýgur azlygynyň hukuklaryny goramakda giňden tanalýan alym. Hytaýda 15 million çemesi hasaplanylýan uýgurlar Pekin häkimiýetleriniň özlerine çemeleşmesinden uzak wagt bäri şikaýat edýärler.

Hytaýyň daşary işler ministri Geng Şuang bu baýragy ret edip, Tohtiniň alyp barýan «kampaniýasynyň separatist häsiýetlidigini we adam hukuklaryna dahylsyzdygyny» öňe sürdi.

Bütindünýä Uýgur kongresiniň, bosgunlykdaky esasy uýgur toparynyň sözçüsi Dilşat Raşit bu baýragy «uly hyjuwlandyrma» diýip atlandyrdy.