Millionlap ekilýän, ýüz müňläp guradylýan baglar

Aşgabatda bag ekmek möwsümine badalga berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabadyň eteginde ählihalk ýowaryna gatnaşyp, giň möçberli bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.

Türkmen telewideniýesi döwlet baştutanynyňbag ekilýän ýerde öz egindeşleri tarapyndan baş eglip garşylanyşyny görkezýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Aşgabadyň häzirki bag ekilýän künjeginde ýedi ýüz gektar meýdany bolan täze seýilgäh döredilýär.

Prezident Berdimuhamedow ýowarda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş programmasynyň Aşgabatdaky hemişelik wekili Jasinta Barrins bilen bilelikde agaç nahalyny oturtdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabatda bag ekmek möwsümine badalga berildi

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinden alnan wideo ýazgy. Onda prezident G.Berdimuhamedowyň Aşgabadyň eteginde ählihalk ýowaryna gatnaşyp, giň möçberli bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga beren pursady görkezildi.

Şeýle-de prezident BMG-niň Çagalar fondunyň Türkmenistandaky wekili Şahin Hilofer, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa regional merkeziniň wekili Petka Dragonow dagy bilen bag ekdi.

Resmi habarda bu ýowara 340 adamyň gatnaşandygy we günüň dowamynda 355 müňe golaý agaç nahalynyň oturdylandygy aýdylýar.

Bag ekişlikden soň prezident çärä gatnaşyjylary boldan bezelen saçagyň başyna çagyrdy we bu çäre mynasybetli ýörite taýýarlyk gören aýdym-saz toparlary ýowarçylaryň öňünde konsert programmalary bilen çykyş etdiler.

Her ýyl ýüz müňlerçe bag nahaly ekilýär

Aşgabatlylar şu ýylyň mart aýyndaky ýowarda Paryzdepe diýip bilinýän ýeriň töwereginde bag ekipdiler.

Geçen ýylyň 3-nji oktýabrynda prezident Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda başlanan bag ekmek möwsüminde 1 million 330 müň düýp agaç nahalynyň oturdyljagy, 2015-nji ýylda 3 million düýpden gowrak agaç nahalyny oturtmagyň planlaşdyrylandygy habar berlipdi.

Resmi maglumata görä, 2015-nji ýylyň ýazynda 1 million 670 müň agaç nahaly oturdylypdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty 2015-nji ýyldan öňki ýyllar hem, ýazda we güýzde, çäreçileriň gatnaşmagynda geçirilýän ýowarlarda we bag ekmek möwsümleri diýilýänlerde millionlap agaç nahallarynyň ekilendigini habar beripdi.

Emma resmi metbugatda bu ekilen baglaryň näçe prosentiniň düýp tutýandygy, näçe prosentiniň bolsa gurap galýandygy aýdylmaýar.

Azatlyk radiosyna ýurt içinden berilýän maglumatlara görä, bag ekmek möwsümlerinde dynç almaly günleri ýowara çagyrylan raýatlaryň güýçleri bilen ekilýän agaç nahallarynyň ýaryna golaýy tomsuň yssysynda ýa-da tomsa hem ýetmän gurap galýar.

Şonuň bilen bir wagtda, prezident wagtal-wagtal baglara edilýän idegiň talabalaýyk däldigini aýdyp, telewideniýede aýdylyşy ýaly, kemçilikleri düzetmek barada "anyk tabşyryklary hem berýär".

Ikinji tarapdan, Aşgabat şäherinde geçirilýän abadanlaşdyryş işleri, mikroraýonlardaky jaýlaryň töweregindäki goşmaça jaýlaryň ýykylmagy bilen bir hatarda, şäherde onlarça ýyllar bäri gögerip oturan saýaly agaçlaryň köpüsiniň çapylyp aýrylandygy, mikroraýonlaryň daş-töwereginiň bag-bakjadan tas ýalaňaçlanyp galandygy aýdylýar.