Özbegistanyň täze ýolbaşçysy Şawkat Mirziýaýew Orta Aziýda regional syýasata eýýäm üýtgeşiklik girizdi. Aradan entek bir aý-da geçmänka Mirziýaýew gatnaşyklary Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen guwulandyrmak üçin herekete geçdi, şeýdip hem regional hyzmatdaşlykda täze döwre giriler diýen umydy oýardy.
Öňki prezident Yslam Kerimowyň döwründe Özbegistan regional integrasiýanyň öňünde böwet bolup durýardy. Orta Aziýanyň edil merkezinde ýerleşýän Özbegistan regionyň beýleki döwletleriniň hemmesi bilen serhetdeş, ol şol bir wagtda Owganystan bilen-de uzynlygy takmynan 160 kilometr bolan serhedi paýlaşýar. Özbegistan özüniň regionyň kalbynda bir düwün bolup durýandygyny subut etdi.
Daşkentiň ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklary diňe ýaramaz däl, kähalatlarda hatda gorkunç derejelere-de ýeten mahallar boldy. Türkmenistan bilen bolan gatnaşyklar ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylyň aýaklarynda aradan çykandan soňra ýylap ugrady. Kerimow öten on ýyllykda gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýyw bilen hem ahyr-soňy käbir umumylyklary tapana meňzeýär. Herniçik-de bolsa bu özbek-gazak gatnaşyklaryna imisalalyk getirdi.
Gyrgyzystan bilen Täjigistan
Ýöne özbek hökümeti gündogardaky goňşulary Gyrgyzystan bilen Täjigistan barada özüni hemişe yzgytsyz alyp bardy.
8-nji sentýabrda Mirziýaýew Özbegistanda liderlik ornuna geçende özbek polisiýasy Gyrgyzystanda Ungar-Too diýilýän depäni iki hepdeden köpräk bäri öz kontrollygynda saklaýardy. Özbek güýçleri Ungar-Tooda telewideniýe stansiýasynda işleýän dört gyrgyz raýatyny tutup, olary boşatmakdan boýun gaçyrmak bilen etrapdaky oba adamlaryny we Bişkekdäki hökümeti gahar-gazaba mündüripdi.
Özbegistan bilen Gyrgyzystan arasyndaky problemalar ýer, serhet liniýasy, has möhümi-de suw meselesini öz içine alýar. Bu üçüsi biri-birine berk baglanyşykly.
9-njy sentýabrda özbek güýçleri tutulan dört gyrgyz raýatyny boşatdylar.
GDA-nyň 16-njy sentýabrda Bişkekde geçen sammitine Mirziýaýew gatnaşman oňa ýurduň daşary işler ministri Abdulaziz Komilow gitdi. Komilow gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşmak üçin Bişkege sammitden bir gün öň bardy.
Özbek-täjik gatnaşyklary
20-nji sentýabrda özbek polisiýasy Ungar-Toodan çekildi. Şol güni hökümetiň tarapyny çalýan "Uzdaily.uz" websaýty iki ýurduň resmilerinden düzülen bir toparyň 14-nji sentýabrdan 20-nji sentýabra çenli 23 sany jedelli etrapda serhet liniýasy baradaky meselelere täzeden garandyklaryny habar berdi.
1-nji oktýabrda hem aglabasy Gyrgyzystanyň Jalal-Abat, Oş we Batken welaýatlarynyň resmilerinden ybarat hökümet delegasiýasy özbek-gyrgyz dostlugyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin gündogar özbek şäheri Andijona bardylar.
Özbek-täjik gatnaşyklary Orta Aziýadaky gatnaşyklaryň iň ýaramazy bolsa gerek. Täjigistana barýan ýa gelýän demirýol gatnawynyň ählisi özbek territoriýasyndan geçýär. Özbek häkimiýetleri hem Täjigistana gitmeli ýükleri, aýratyn-da Täjigistanyň gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna gerekli materiallary, kä sakladylar, kämahallar hem yzyna doladylar. Ýurtlaryň ikisiniň-de öz raýatlaryny beýlekä içalylyk edýänlikde suda çekip, iş kesen mahallary-da bolmadyk däl.
Täjik prezidenti Emolali Rahmon 3-nji sentýabrda Samarkantda Kerimowyň jaýlanyş çäresine gatnaşyp, Mirziýaýew bilen duşuşdy. Sentýabr aýynyň aýagynda täjik mediýasy Özbegistanyň daşary işler ministri Komilowyň 23-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşy hakda joşgunly habar berdiler. Onda bu gezek Täjigistanyň Rogunda gidroelektrostansiýasyny gurmak plany agzalmaýardy. Rogun iki ýurduň gatnaşygynda esasy bökdenç nokady bolup durýar.
29-njy sentýabrda Komilow Täjigistana sapar edip, prezident Rahmon bilen demirýol we howa gatnaşyklaryny, umuman iki ýurt arasyndaky ykdysady gatanaşyklary täzeden dikeltmek hakda pikir alyşdy. Daşkent bilen Duşenbe arasyndaky uçar gatnawy 1992-nji ýylda togtadyldy, iki ýurt arasyndaky söwda möçberi hem 2015-nji ýylda diňe 10 million dollar töweregi boldy. 2014-nji ýylda bolsa ol munuň 50 prosenti-de däldi.
"Uzak wagt bäri kesilen" gatnaşyklar
Komilow özüniň iki ýurt suw we energiýa problemalaryna adalatly we iki tarapa hem peýdaly çözgüt tapyp bilerler diýip umyt edýändigini aýtdy. Şeýle hem ol täjik telekanalyna interwýu berip, "uzak wagt bäri kesilen" gatnaşyklary täzelemegiň wagty ýetdi diýdi.
30-njy sentýabrda hökümetiň tarapdary bolan "Podrobno.uz" websaýty 26-njy sentýabrdan 30-njy sentýabra çenli Gazagystanyň Almaty şäherinde özbek-gazak serhet liniýasy boýunça bir duşuşgyň geçendigini habar berdi. Websaýt şular ýaly duşuşygyň üstümizdäki ýylyň 18-nji fewralyndan 27-nji fewralyna çenli hem Almatyda bolandygyny we özbek-gazak serhet liniýasy bilen baglanyşykly işleriň 2003-nji ýyldan bäri dowam edýändigini belledi.
Bu zatlar 4-nji dekabrda planlaşdyrylan saýlawda prezidentlige saýlanaryna garaşylýan Mirziýaýewiň ýolbaşçylygynda Özbegistan regional üzňelikden çykyp, regionda peýdaly ýarana öwrüler diýen umydy öz içine alýan alamatlardyr.
Nyýazow ölüp, prezident Gurbanguly Berdimuhammedow iş başyna gelende Türkmenistan hem şu ýoly yzarlady. Türkmenistan özüniň Orta Aziýadaky ähli goňşulary, şol sanda Özbegistan bilen-de gatnaşyklaryny gowulandyrmagy başardy. Bu Nyýazowyň özüni öldürmek baradaky gizlin planyň aňyrsynda ýatan diýip özbek häkimiýetlerini aýyplanyny göz öňüne getireniňde o diýen aňsat iş däldi.
Täze diplomatiýanyň käbir sebäpleri
Öbegistanyň täze diplomatiýasynyň käbir sebäpleriniň bolmagy mümkin.
Gyrgyzystan bilen Täjigistan barada aýdanyňda gatnyşklarda Özbegistany gyzyklandyran esasy zat hemişe diýen ýaly suw boldy. Geçmişde Daşkent Bişkegiň ýa Duşenbäniň hereketlerini halaman mahaly bu iki goňşa berilýän tebigy gazy kesýärdi. Bu iş köplenç-de bu ýurtlar Özbegistana akýan derýalarda uly gidroelektrostansiýany gurmagyň gürrüňi edende bolýardy. Daşkent bular ýaly uly gidroelektrostansiýalaryň gurulmagyna Özbegistanyň ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiligine abanýan howp diýip garaýar.
Ýöne basyşyň bu formasy indi netije berenok, sebäbi Gyrgyzystan we Täjigistan özbek gazyndan dynmak üçin özleriniň baý kömür üpjünçiliklerinden peýdalanýarlar. Mysal üçin, Gyrgystan döwlet gaz kompaniýasyny Orýetiň “Gazpromyna” satdy. Gazprom hem özüniň Özbegistanda özleşdirmäge kömek eden ýataklaryndan alynýan gaz bilen Gyrgyzystanyň energiýa zerurlyklaryny doldurýar.
Gyrgyzystan Kerimowyň hökümetini gaharlandyran proýekti Kambar-Ata gidroelektrostansiýasyny gurardan entek gaty bärde. Ýöne Täjigistanyň Rogun gidroelektrostansiýa proýektini amala aşyrmagy mümkin. Sebäbi Italiýanyň “Salinin Impregilo” kompaniýasy üstümizdäki ýylyň başlarynda bu proýektiň özüni gyzyklandyrýandygyny mälim etdi.
Şol sebäpden Özbegistanyň Orta Aziýa döwletleri barada indi ýumşagrak tutumy tutmagy Daşkentiň ençeme ýyllap edişi ýaly "gamçydan" däl-de, "şekerden" peýdalanmak isleýändiginiň alamaty bolmagy mümkin.
Ýöne Özbegistanyň gowşagrak serhet gözegçiliginiň bähbitlerine gyzyklanýan bolmagy-da mümkin. Sebäbi bu onuň geografik ýerleşişinden peýdalanyp, Orta Aziýanyň söwda merkezine öwrülmegine ýol açyp bilýär.