Türkmenistan Belarus borjuny ýerine ýetirmedi diýýär

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (ç) we Belarusyň prezidenti A.Lukaşenka

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasynyň ylalaşyklary boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigine aladalanma bildirdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat üçin ýaýradan resmi maglumatyna görä, 30-njy sentýabrda türkmen hökümet agzalarynyň we Türkmenistana sapar edýän Belarusyň wise-premýer A.N.Kalininiň baştutanlygyndaky delegasiýanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda, taraplar bu meselä seredipdir.

Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasy Türkmenistanyň Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň gurluşygyny alyp barýar.

Türkmen mediasynda çap bolan bu resmi maglumatda, türkmen tarapynyň Belarus tarapynyň öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmezliginiň dowam etdirýändigi sebäpli örän uly aladalanma bildirýändigini mälim edendigi habar berilip, kombinatyň infrastrukturasynyň möhüm bölekleri bolan aýra-başga obýektleriň gurluşygynyň planlaşdyrylan wagtynyň gijikdirilmegi boýunça takyk faktlaryň görkezilendigi bellendi. Şeýle-de, belarus tarapynyň birnäçe million dollarlyk enjamlaryň galan böleginiň getirilmeginiň wagt möhleti barada şu çaka çenli maglumat bermändigi aýdyldy.

“Belgorhimprom” kompaniýasynyň kombinatyň gurluşygynda işleýän türkmen raýatlaryna aýlyklaryň gijikdirilmegi bilen bagly birnäçe ýagdaýlaryň bolandygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň bu maglumaty belarus kompaniýasynyň işinden bildiren resmi nägileligi boldy.

Geçen hepdede Belarusyň Respublika geňeşiniň başlygy Mihail Mýasnikowiç Türkmenistanyň ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen duşuşykda, Aşgabadyň Garlykda gurulýan zawod boýunça öz üstüne alan maliýe borçlaryny ýerine ýetirmezliginden uly alada bildiripdi.

Respublika geňeşiniň websaýtynda çap edilen habara görä, M.Mýasnikowiç prezident Aleksandr Lukaşenkonyň tabşyrygy esasynda, Garlykda gurulýan dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň gurluşygynyň gidişine gözegçilik edýär. Onuň türkmen ilçisine öz hökümetiniň Aşgabadyň bu proýektiň amala aşyrylmagy boýunça boýun alan maliýe we beýleki borçnamalaryny ýerine ýetirmeginiň gijikdirilmeginden, örän ynjalyksyz bolýandygyny aýtdy diýip, «interfax.by» agentligi habar berdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni we “Belgorhimprom” açyk aksioner jemgyýetiniň 2009-njy ýylda gol çeken ylalaşygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda gurulýan dag-magdan baýlaşdyryş kärhanasy 2017-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga berilmeli diýlipdi. Bu ýerde ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürmek göz öňünde tutulýar.

Iki ýurduň arasynda gol çekilen ylalaşyga görä, Garlykdaky dag-magdan desgalarynyň taslamalary we gurluşygy 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdä durýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 30-njy sentýabrda ýaýradan beýannamasyna görä, türkmen resmileri “türkmen tarapynyň ylalaşyga görä öz üstüne alan maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigi” barada belarusly we beýleki habar serişdelerinde çap bolan maglumatlara Belarusyň wise-premýeriniň ünsüni çekip, şeýle maglumatyň hakyky häsiýetli däldigini beýan edipdirler.

Maglumatda “Belgorhimpromyň” amala aşyrylan işleriň tölegi üçin dokumentleriň wagtynda we doly görnüşde düzülmegine degişli talaplary köplenç ýerine ýetirmeýändigi aýdyldy.

Türkmen tarapy Belarus respublikasynyň hökümetiniň Türkmenistanda Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň gurluşygynyň wagtynda we üstünlikli tamamlanmagy üçin, gaýragoýulmasyz çäre görmeginiň zerurlygy nygtady.

“Belgorhimprom” 2016-njy ýanwar aýynda Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyry kombinatynyň ýer üsti obýektleriniň taýýarlyk derejesini 65% töwereginde görkezipdi.

3-nji oktýabrda Belarusyň wise-premýeri Anatoliý Kalinin Minskiň Aşgabat bilen ylalaşygyna laýyklykda Türkmenistanda kaliý zawodunyň gurluşygy boýunça öz borçnamalaryny doly ýerine ýetirmekçidigini aýtdy, diýip belarus mediasy habar berdi.