Orsýetiň “Dožd” atly garaşsyz telewideniýesi Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň çagalyk döwründen dostunyň 550 million dollarlyk baýlyga eýe bolup, 2005-2010-njy ýyllar aralygynda “Gunwor” atly nebit satýan kompaniýanyň uly bölegine eýe çykandygyny habar berdi.
“Gunwor” berlen habarda käbir maglumatlaryň, şol sanda Pýotr Kolbiniň kompaniýanyň işine girişmeginiň wagtyna degişli görkezilen maglumatyň nätakykdygyny aýtdy. “Gunwor” Kolbiniň 2007-nji ýylda “bir ýyla golaý” döwrüň dowamynda “ujypsyz maýa goýujy” bolandygyny habar berdi.
“Dožd” telekanaly Kolbin we Putin olaryň kakalary 1950-nji ýyllarda duşuşanlaryndan soň dostlaşandygyny habar berdi. Kremliň tankytçylary 26-njy sentýabrda görkezilen derňew reportažynyň Putiniň we “Gunwor” kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary görkezýändigini aýtdylar. Käbirleri bu kompaniýanyň Wladimir Putiniň köpçülige mälim bolmadyk girdeji çeşmesi bolmagy baradaky çaklamalary öňe sürdüler. Putin öz girdejileriniň ujypsyzdygyny aýdýar we “Gunwor” kompaniýasy bilen gatnaşygy ret edýär.
2014-nji ýylda ABŞ Gündogar Ukrainadaky ýagdaýlara goşulyşmakda güman edilen Putiniň ýaranlaryna garşy ykdysady sanksiýalary girizdi. ABŞ-nyň maliýe ministrligi Putiniň “Gunworda” inwestisiýalarynyň bardygyny we bu kompaniýanyň maliýe serişdeleriniň onuň üçin elýeterlidigini” mälim etdi.
“Gunwor” kompaniýasynyň wekili 28-nji sentýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna elektron poçta arkaly beren jogabynda Putiniň “Gunwor” kompaniýasyna degişli “hiç wagt hiç hili eýeçiliginiň, bähbidiniň ýa-da başga bir gatnaşygynyň” bolmandygyny aýtdy.
“Dožd” telekanalynyň reportažy Kolbine, şeýle-de, “Gunwor” kompaniýasynyň düýbüni tutanlaryň ýene biri Putiniň ýakyn ýarany bolup, ABŞ-nyň sanksiýalaryna sezewar edilen Gennadiý Timçenko gönükdirildi. Esasan nebitiň söwdasynyň hasabyna baýan Timçenko Moskwanyň 2014-nji ýylda Krym ýarym adasyny Ukrainadan bölüp alyp, öz düzümine goşmagyndan soň özüniň Orsýetdäki maliýe hasaplaryny elden beripdi.
Şeýle-de “Dožd” telekanaly Putiniň 2000-nji ýylda ilkinji gezek prezident saýlananda, Kolbine ýazan hatyny paş etdi we Kolbiniň şondan bir ýyl geçensoň biznese başlandygyny öňe sürdi.
Häzirki wagtda Kolbiniň baýlygynyň 550 million dollar möçberde kesgitlenýändigini “Forbs” žurnalynyň rus dilindäki neşri habar berýär.
Orsýetde korrupsiýa garşy göreşýän aktiwist Alekseý Nawalnyý çap bolan soňky maglumatlaryň “Gunworyň” Putine degişlidigini tassyklandygyny aýdýar.