Minsk Aşgabady 'maliýe bökdençliginde' aýyplaýar

Garlyk şäheri

Türkmenistan, görnüşinden, belarus gurluşykçylary tarapyndan Garlykda gurulýan dag-magdan desgalarynyň, Ukrainanyň «Altkom» maliýe-senagat kompaniýasy tarapyndan Türkmenabatda gurulýan aeroport terminalynyň wagtynda tamamlanmagynda maliýe kynçylyklaryna uçraýar.

Belarusyň milli ýygnagynyň Respublika geňeşiniň başlygy Mihail Mýasnikowiç Türkmenistanyň ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen duşuşykda Aşgabadyň Garlykda gurulýan zawod boýunça öz üstüne alan maliýe borçlaryny ýerine ýetirmezliginden uly alada bildirdi.

Respublika geňeşiniň websaýtynda çap edilen habara görä,M.Mýasnikowiç prezident Aleksandr Lukaşenkonyň tabşyrygy esasynda, Garlykda gurulýan dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň gurluşygynyň gidişine gözegçilik edýär.

Ol türkmen ilçisine öz hökşmetiniň Aşgabadyň bu proýektiň amala aşyrylmagy boýunça boýun alan maliýe we beýleki borçnamalaryny ýerine ýetirmegi gijikdirmeginden örän ynjalyksyz bolýandygyny aýdypdyr.

Mundanam başga, Mýasnikowiç belarus gurluşykçylarynyň köp sanly bökdençlikler, şol sanda subýektiw häsiýetli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, bularyň gurluşygyň gidişine ýaramaz täsir edýändigini aýdypdyr.

«Respublika geňeşiniň başlygy Aşgabadyň, bu kombinatyň gurluşygynyň wagtynda tamamlanmagy üçin haýal etmän bir topar çäre görmelidigini belledi» diýip, «interfax.by» guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp ýazýar.

Ýöne habarda türkmen ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň bu nägilelige näme diýip jogap berendigi aýdylmaýar.

Metbugat habarlarynda aýdylmagyna görä, Türkmenistan bilen Belarus Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň esasy we kömekçi uçastoklaryny işe girizmäge ýazda taýýarlyk görüp başlady.

Bu kombinat, plan boýunça, 2017-nji ýylyň martynda ulanmaga berilmeli we ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürmeli.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni we «Belgorhimprom» açyk aksioner jemgyýeti bu kombinaty gurmak baradaky şertnama 2009-njy ýylda gol çekdi we Garlykdaky dag-magdan desgalarynyň taslamalary we gurluşygy 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdä durýar.

Ukrain gurluşykçylarynyň maliýe kynçylygy

Şu aralykda Türkmenistanda işleýän ukrain kompaniýasynyň hem maliýe kynçylyklaryna uçrandygy habar berildi.

«Wremýa Wostoka» neşiriniň maglumatyna görä, Ukrainanyň «Altkom» maliýe-senagat kompaniýasy Türkmenabatda gurýan aeroport terminalyny wagtynda tabşyryp bilmeýär.

Ýöne bu kompaniýanyň maliýe kynçylyklarynyň, bir tarapdan, Ukrainadaky häzirki ykdysady ýagdaýlar bilen baglydygy aýdylsa, ikinji tarapdan, türkmen tarapynyň öz üstüne alan maliýe borçlaryny ýerine ýetirmezligi, işleri kabul etmegi emeli ýagdaýda gijikdirmegi bilen baglydygy bellenilýär.

«Altkom» bahasy tas 500 million dollara barabar aeroport terminalyny şu ýylyň fewralynda tamamlamalydy. Emma muňa garamazdan, «Wremýa Wostokanyň» ýazmagyna görä, planlaşdyrylan işiň ýarysyndan hem az iş edilipdir we türkmen tarapy bu gijikme sebäpli şertnamany bozmakçy bolýar.

Şol bir wagtda, ukrain metbugatynda «Altkomyň» - ukrain gurluşyk hyzmatlarynyň eksport lideriniň batmagyň öň ýanynda durandygyny barha köp ýaňzydyp başladylar.

Soňky aýlarda Türkmenistanda işleýän adamlaryň aýlyklarynyň iki, üç aýlap gijikdikilýändigi, ilatyň durmuş şertleriniň barha agralýandygy barada habarlar köpelýär.