Türkmenistanda musulmanlar 'aýratyn gözegçilikde' saklanýar

Lebap, Astanababa mawzoleýi

Dini habarlary çap edýän «Forum 18» guramasy Türkmenabatdaky, Lebap welaýatynyň paýtagtyndaky kiçiräk musulman jemgyýetiniň ýolbaşçysy Bahram Saparowyň we onuň garaşsyz dini toparynyň agzalarynyň halyndan hiç bir habar alyp bolmaýandygyny ýazýar.

Düýbi Osloda ýerleşýän habar guramasynyň tassyklamagyna görä, Bahram Saparow2014-nji ýylyň maýynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilipdir we şondan bäri ondan hiç bir gördüm-bilim ýok.

«Ol öz dogduk şäheri Türkmenabatda, Çärjewde ýaş adamlardan ybarat kiçiräk sünni hanafi toparyna ýolbaşçylyk edipdir, hut şu aktiwligi sebäpli hem gizlin polisiýanyň ünsüni özüne çekene çalym edýär» diýip, «Forum 18» guramasynyň baş redaktory Feliks Körliý Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

2013-nji ýylyň aýagynda tussag edilen Bahram Saparow, aýdylmagyna görä, iki çaganyň atasy we häzir 35 ýaşynda bolmaly.

«Forum 18» Saparow bilen bilelikde onuň 20 çemesi pikirdeşiniň hem uzak möhletli tussag edilendigini, emma olaryň türmä höküm edilendigini, eger şeýle bolsa, nirede saklanylýandygyny anyklamagyň başartmandygyny aýdýar.

Sud resmileri Lebap welaýatynda dini ynanjy bilen bagly tussag edilendigi aýdylýan adamlaryň işleri baradaky jikme-jiklikleri bermekden ýüz öwürdi diýip, «Forum 18» ýazýar.

Feliks Körliý sud häkimiýetleriniň bu iş gizlin diýip jogap berendiklerini aýtdy.
Şeýle-de, Saparowyň işine şäher sudunda däl-de, göni regional sudda seredilendigi, bu iş bilen bagly ýyl kesilen adamlaryň hökümden şikaýat edip-etmändiginiň hem belli däldigi aýdylýar.

«Forum 18» habar guramasyna gowşan soňky maglumata görä, Bahram Saparow 2014-nji ýylda, iki ýyl ozal Türkmenistanyň «Owdandepe» türmesinde görlüpdir.

«Biz onuň şu wagta çenli diri galyp-galmandygyny hem bilemzok, Türkmenistan garaşsyz halkara synçylarynyň öz türmelerine baryp görmegine rugsat bermeýär, onuň diridigini ýa däldigini hökümetden başga bilýän ýok» diýip, Feliks Körliý Azatlyk radiosyna aýtdy.

Din meseleleri boýunça ekspertiň pikirine görä, Türkmenistan ýurtdaky ähli dini jemgyýetleri berk kontrol astynda saklaýar we yslam dinine ynanýanlary, ýurtdaky iň uly dini topary aýratyn berk gözegçilik astynda saklaýar.

«Belki-de hökümet olara özüne potensial oppozisiýa esas bolup biljek täsirli güýç hökmünde garaýar, olardan ätiýaç edýär we öz kontrollygyndan daşarda hiç bir gymyldy-hereketiň bolmazlygyny gazanmaga çalyşýar» diýip, Feliks Körliý telefonda aýtdy.