Türkmenistanyň prezidenti indiki prezidentlik saýlawlary üçin taýýarlyklara başlamagy tabşyrdy.
“Bu wajyp syýasy-jemgyýetçilik çäresi ýokary derejede, giň demokratik we alternatiw esasda birnäçe dalaşgäriň gatnaşmagynda geçirilmeli” diýip prezident G.Berdimuhamedow aýtdy.
Munuň öňüsyrasyda 14-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen ýaşulular maslahatynda 2017-nji geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna ilkinji gezek ýurduň üç syýasy partiýasynyň gatnaşjakdygy yglan edilipdi we prezidentiň ygtyýarlygyny artdyrýan täze Konstitusiýa kabul edilipdi.
Täze Baş kanun prezidentlik möhletini ýedi ýyla çenli uzaltmak, prezidentlige dalaş edýäniň 70-den ybarat ozalky ýaş çäklendirmesini ýatyrmak ýaly düzgünleri kanunlaşdyrdy.
2006-njy ýylyň aýagynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýogalmagyndan soň häkimiýet başyna geçen G.Berdimuhamedow prezidentlik wezipesine iki gezek saýlandy.
Türkmenistanda geçirilen hiç bir saýlaw günbatar gözegçileri tarapyndan açyk we adalatly diýlip atlandyrylmady.