Yklymow: Ýeriň daýhana berilmegini syýasy sistema bökdeýär

Daşoguz, döwlet eýeçiliginde şorladylan ýer

Türkmenistanyň täze konstitusiýasy ýeriň döwlet eýeçiligine degişlidigini tassyklaýar. Ýogsam bolmasa prezident Berdimuhamedow golaýda hökümet maslahatynda ýeri hususy eýeçilige bermegiň kanunçylyk esaslaryny taýýarlamak barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk beripdi.

Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary, häzir Şwesiýada bosgunlykda ýaşaýan biznesmen Sapar Yklymow 1990-njy ýyllaryň başynda Türkmenistanyň ýeri daýhanlara hususy eýeçilige bermek boýunça beýleki post-sowet respublikalary bilen deňeşdirilende has köp iş edilendigini, emma bu günki gün yza galynandygyny aýdýar.

Eýsem Türkmenistanda ýeri hususy eýeçilige bermek prosesini näme saklaýar?
Azatlyk radiosy bu barada Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary Sapar Yklymow bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Yklymow: Ýeriň daýhana berilmegini syýasy sistema bökdeýär