Jelal-Abad: Ogly öz ejesini rehimsiz gynapdyr

Illýustrasiýa

Suzak etrabynyň Komsomol obasyndan 70 ýaşyndaky ýaşaýjysy Patila Žoldoşowa adamsy aradan çykandan soň, öz öýünde islenmeýän adama öwrülipdir. Hormatly dynç alyşdaky ol garry zenan häzirki wagtda gabat gelen ýerde ýaşamaga synanyşýar.

Ol garry özüne kömek sorap, Azatlyk Radiosyna ýüz tutupdyr. Hormatly dynç alyşdaky aýalyň ikinji ogly alkogolizmden ejir çekýändigi üçin ýygy-ýygydan öýdäki goşlary satýar we yzgiderli ýagdaýda öz ejesine el galdyrýar. Owal özüne sereden kiçi ogly bolsa, iki ýyl mundan ozal uçran awtoulag heläkçiligi zerarly maýyp ýagdaýda ýerinden galyp bilneýär.

Patila Žoldoşowanyň aýtmagyna görä, häzirki ýagdaýda onuň hemişelik ýaşaýyş ýeri ýok:

– Men näme etjegimi bilemok. 35 ýaşyndaky öz oglumdan şeýle jebir boljagymy hiç haçan pikir etmedim. Ol alkagolizmiň bendisi. Ol her gün öýe içgili ýagdaýda gelýär we goh-galmagal turuzýar. Şol sebäpdenem meniň ýüregim agyrýar. Men kime ýüz tutup, arzymy eşitdireýin? Goňşylarymyzyň hemmesi biziň öýümizde näme bolup geçýändigini gowy bilýär. Olar hem kämahal ara girjek bolýarlar, ýöne oglumdan gaty gorkýarlar.

Biz hormatly dynç alyşdaky garry bilen onuň gyzynyň öýünde duşuşdyk. Ol ogly içgili ýagdaýda gelip, jaýynyň penjiresini we gapysyny döwenden soň, polisiýa bölümi tarapyndan bu ýere getirilen ekeni. Ýerli polisiýa bölüminiň işgärleri ony öz gyzynyň ýanyna ibermekden başga çäre tapmadygyny aýdypdyr. Garry ene bolsa bialaç ýagdaýda gözýaş döküpdir.

– Ol öýe içgili gelen mahaly derrew bokurdagyma pyçak goýup ýa-da ýeňsämde orak tutup. Ony uzak gije saklamagymy isleýär. Ol uklaýança hiç kime ynjalyk ýok. Käbir günler biz gorkudan nätjegimizi bilmän, agtyklarym bilen meýdana gaçyp gidip, mekgejöwenleriň arasynda gizlenip, gijäni şol ýerde geçirmeli bolýarys. Geçen gyşda biz şäherde 8 müň soma kireýine jaý tutmaly bolduk. Baharda bolsa ekin meýdanlaryna işlemäge gaýtdyk. Ol düýn ýene içgili ýagdaýda öýümiziň ähli penjirelerini döwüp weýran etdi. Men ahyrynda, onuň tussag edilmegi üçin, polisiýa ýüz tutmaly boldum. Ýöne olar maňa bu ýagdaýa hiç hili çäre ýokdugyny mälim etdiler. Polisler hem bu sebäpden öýe gelmekden bizar boldylar. Oglumyň ýanyna gaýdym barmaga gaty gorkýaryn. Bu diýseň hatarly ýagdaý. Ine, ýagdaýymyz şeýle. Hany, sen aýt, balam, men indi näme etmeli?

Patila Žoldoşowanyň dört gyzy we üç ogly bar. Oňa “Gahryman ene” baýragy berilmeli ekeni. Ýöne bir oglunyň owal kazyýet işi bolandygy sebäpli şeýle baýrak berilmändir. Onuň gyzlarynyň hemmesi durmuşa çykan, olar aýratyn ýaşaýarlar. Onuň iň uly ogly bolsa aýaly bilen daşary ýurtda ýaşaýar.

Garry ejäniň iň kiçi ogly Azamat Žoldoşow bolsa betbagtçylykly ulag heläkçiligi sebäpli maýyp ýagdaýda ýatyr. Ol ýatan ýerinde ejesine edilýän zulumlaryň hemmesine şaýat bolýar. Ýöne maýyp ýagdaýda özbaşdak gymyldap bilmeýändigi üçin, ejesine kömek edip bilmeýär. Azamat häzir keselhanada, öz saglygyna seretdirýär.

– Gije içgili ýagdaýda däldirän mahaly polisiýany çagyrýarys. 2-3 gezek polisiýa gelip meniň agamy alyp gitdi. Ýöne soňra polisiýa ony goýberýär we wakalar şol öňküsi ýaly gaýtalanyp durýar. Häzir bolsa polisiýa biziň kömek isläp edýän jaňymyza jogabam berenok. Olar bu ýagdaýa hiç hili çäre görüp bilmeýändigini aýdýarlar. Ejemiň ýagdaýy gaty gözgyny. Gijeleri goh-galmagaldan öýde durar ýaly däl. Ejem görgüli ol köşeşer ýaly, näme et diýse etmäge mejbur bolýar. Gijäň içinde ejeme islän zulmuny edýär. Biz ejemize kömek edip bilmeýäris. Meniň aýaklarymy kesdiler. Şonuň üçinem armanly ýagdaýda ejemi gorap bilmeýärin.

Biz Patila Žoldoşowa bilen bilelikde onuň öýüne gitmek isledik. Ýöne ol biziň bilen öýüne barmaga gaty gorkdy. Soň biz goňşylary bilen onuň öýüne girdik. Žoldoşowanyň ogly şonda ýatan ekeni. Soňra biz ol ýere yerli polisiýanyň igärini çagyrdyk.

Ýerli polisiýa gullugunyň özüni Kumar diýip tanadan işgäri bize bu maşgalanyň ýagdaýy hakda şeýle maglumat beridi:

– Jemgyýetçilik düzgüni kanunyna görä, biz aşa içgili serhoş bolaýanda-da bir raýaty belli bir esas bolmasa, tussag edip bilmeýäris. Çünki onuň hem öz raýatlyk haky bar. Men bu ýerde ýönekeý ýerli polisiýa işgäri. Bu ýerde sülçi ýa-da kazy hem ýok. Garryja ene muňa düşünmeýär we biziň öz ogluny tussag etmegimizi soraýar. Biz onuň oglunyň öýden haýsam bolsa bir zady ogurlap-ogurlamandygyny soradyk. Ogurlan bolsa derňewçi getireli diýsek, ejesi biziň bilen razylaşmaýar. Biziň ygtyýarymyz çäkli. Biz aňyry gitse bir gije-gündiz tussaglykda saklap bilýäris. Meniň pikrime görä, onuň ogly özünden bir zadyň gizleýändigini bilýär we şonuň üçinem hemişe şeýle goh-galmagal turuzýar. Ýöne, ol goňşylaryna hiç hili azar berenok.

Ýagdaýy anyklaşmaga synanyşýan mahalymyz biziň ýanymyza oba geňeşiniň arçyny hem geldi. Arçyn şeýle ýagdaýa oba arçynlygy bilen aksakgallar geňeşiniň hem çäre görüp bilmeýändigini mälim etdi. Arçynyň aýtmagyna görä, hormatly dynç alyşdaky garry enä ediljek ýeke-täk kömek; onuň oglunyň narkologiýa bejerişine iberilmegi.

– Aksakgallar geňeşi şeýle ýagdaýa çäre görüp bilmeýär. Polisiýany äsgermeýän biriniň aksakgallary sylajagyna garaşýarsyňyzmy? Ony wagtlaýynça gözegçilik astyna alyp, soň goýbermeli bolýarlar. Bu bolsa netijede bar bolan ýagdaýy üýtgetmeýär.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda içgili ýagdaýdaky Tilek Žoldoşow polsiýa merkezine äkidilip, üç sagatlap soraga çekilipdir.

Adam hukuklaryny goraýanlaryň maglumatlaryna görä, garrylara edilýän zulumlar her ýyl barha artýar. Olaryň käbiri gaty pajygaly ýagaýlary başdan geçirmeli bolýarlar we netijede garrylar öz çagalary ýa-da garyndaşlary tarapyndan ölüme sezewar edilýärler.