Türkmenabat: malyň derileri harap bolýar

Mundan 10-15 ýyl ozalky wagtlarda deriçileriň özleri köçeme-köçe aýlanyp deri toplaýardylar.

Lebap welaýatynyň merkezi bolan Türkmenabat şäherinde deri kabul ediş nokatlary azalýar.

Adatça beýle kabul ediş merkezleri telekeçileriň öz oýünde açýan nokatlary bolýar. Olar deriniň hiline görä, kesik ýerine, ululygyna seredip alýarlar, malyň ajy içegesi diýilýän içegesini-de kabul edýärler. Ýöne deri söwdasyndaky soňky ýagdaýlar bu hili nokatlaryň gitdigiçe ýapylmagyna getirýär.

Häzirki wagtda bir ownuk malyň derisini, bary-ýogy bir manatdan kabul edýärler, emma ony eltip tabşyrmak üçin sarp edilýän ýol çykdaýjylarynyň özi berilýän puldan gymmat bolýandygy sebäpli, deri tabşyrýanam ýok diýerlik.

Bu ýagdaý gurban baýaramynda has hem ýiti duýulýar, soýulýan ençeme mallaryň derisi häzirki wagtda zir-zibillere zyňylýar, gömülýär ýa-da duzlanyp güne serip goýýarlar.

“Gurbanlyk malyndan bolansoň ony zyňasyňam gelenok, şonuň üçin derini ulanyp biljek adam bolsa mugtuna berjek” diýip, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly gassap Myrat aýdýar.

Şol bir wagtda, ýurduň içinde deriniň bahasynyň gitdigiçe pese düşmegine getirýän sebäpleri resmi taýdan anyklamak başartmady. Il arasynda aýdylýan sebäpleriň iň esasysy bolsa, deriniň daşary ýurtlara eksport edilmegine girizilen gadagançylyk we ýurdyň içinde deriniň gaýtadan işlenip bilmeýändigi sepäp bolýar diýen gürrüň bar.

Deri bilen bagly ýagdaý hemişe beýle däldi. Mundan 10-15 ýyl ozalky wagtlarda deriçileriň özleri köçeme-köçe aýlanyp deri toplaýardylar. Deri kabul edilýän nokatlara tabşyrylýan deri üçin, gowy pul tölenýärdi. Myradyň aýtmagyna görä, şol wagtky deriniň iň arzan bahasy hem häzirki pul bilen aýdylanda 7 manatdan ýokarydy.

“Deriniň ýokarky nyrh boýunça kabul edilýän döwri adamlaryň özleri höwes bilen derini tabşyryp gidýärdiler. Häzir bolsa birgiden zaýaçylyk bolýar” diýip 60 ýaşlaryndaky türkmenabatly ýaşuly Haýdar aga aýdýar.

Deri zaýaçylygyndan resmileriň hem habary ýok däl, maldarçylyk sektorunyň girdejisini artdyrmak baradaky meseleleri resmi mediada hem agzalyp gelinýär. Şeýle habarlaryň biri geçen ýylyň fewralynda, telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň agzalaryna ýüň, deri ýaly maldarçylyk çig malyny ilatdan toplamagy we daşary ýurtlarda ýerlemeginiň düzgünlerine laýyklykda toplap satmaga ygtyýar berilipdi. Emma telekeçileriň aýtmagyna görä, häzire çenli ýurtda bu ugurda nähilidir bir oňaýly özgerilişik göze ilmeýär.

Türkmenabatda kiçi telekeçilik bilen meşgullanýanlaryň aýtmagyna görä bolsa, daşary ýurtlara çig mal çykarmak gaty gymmat bolýar. Islendik bir harydyň daşary çykarylmasy Türkmenistanyň çig mal biržasy tarapyndan amala aşyrylýar. Şol biržada agza bolmaklyk, ýer almaklyk, bellenilen paçlaryny tölemek we gaýry býurokratiki kynçylyklar, parahorluk deri söwdasyny girdejisiz pudaga öwürýär diýip aýdýarlar.

“Häzirki wagtda biržadan dahylsyz, telekeçileriň özlerine gönümel şol derini ýa-da deri önümlerini çykarmaga rugsat berilmese, zaýaçylyk köp bolar” diýip, türkmenabatly telekeçi Azat aýdýar.

Azatlyk Radiosyna deri meselesi bilen baglylykda gozgalan faktlar boýunça ne Türkmenistanyň Telekeçiler birleşemesinden, ne-de Çig mal biržasyndan kommentariýa almak başartmady.