Özbegistanyň 1-nji sentýabrda belleýän Garaşsyzlygyň 25-nji ýyl dönümi ýurdy uzak wagtlap dolandyryp gelen prezident Yslam Kerimowyň saglyk ýagdaýy bilen bagly nätakyklygyň dowam edýän pursadyna gabat geldi.
28-nji awgustda Özbegistanyň hökümeti Kerimowyň keselhana ýerleşdirilendigini yglan edeli bäri onuň saglyk ýagdaýy barada resmi maglumat berilmeýär. Bu ýagdaý öňki sowet respublikasynyň garaşsyzlygyny yglan edeli bäri ýeke-täk ýolbaşçysyny çalyşmak ugrunda gizlin tagallalaryň dowam edýändigi baradaky çaklamalary güýçlendirdi.
29-njy awgustda çap bolan käbir tassyklanmadyk we esaslandyrylmadyk media maglumatlarynda Kerimowyň ýogalandygy öňe sürüldi. Emma Kerimowyň kiçi gyzy Lola Kerimowa-Tillýaýewa 31-nji awgustda sosial mediada beren maglumatynda 78 ýaşyndaky kakasynyň diridigini we onuň saglygynyň gowulaşyp biljekdigini aýtdy.
Baýramçylyk çäreleri
Kerimowyň 1-nji sentýabrda Daşkentde Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek uly konsert dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýardy. Emma şol konsert çäresi ýatyrylyp, 1-nji sentýabrda geçiriljek beýleki dabaralaryň gerimi-de çäklendirildi.
31-nji awgustda giçlik Özbegistanyň döwlet telewideniýesiniň alyp baryjysy Garaşsyzlyk güni mynasybetli adatça prezident Yslam Kerimow tarapyndan edilýän gutlag çykyşynyň mazmunyny beýan etdi.
Türkmenistan Kerimowyň ýagdaýyny agzamady
Türkmenistanda döwletiň doly gözegçiliginde saklanýan habar serişdelerinde, goňşy Özbegistanyň prezidentiniň saglyk ýagdaýy düýpden agzalmaýar. Resmi maglumatlarda hatda özbek hökümetiniň Kerimowyň keselländigi barada 28-nji awgustda eden resmi beýanaty barada hem habar berilmedi.
Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 25-nji ýyl dönümi mynasybetli gutlag iberen sebitiň liderleriniň arasynda Türkmenistanyň prezidenti hem bar. Emma Özbegistanda prezidentiň “saglygynyň gowulaşyp biljekdigi” baradaky çykyşlaryň edilýän wagtyna gabat Türkmenistanyň we beýleki regional liderleriň iberen resmi gutlagynda Kerimowyň saglygynyň gowulanmagyny umyt ediji söz aýdylmady.
Ýatladyp geçsek, 1997-nji ýylda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýüregine operasiýa edilende, Merkezi Aziýanyň ähli liderleri, şol sanda Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow duýgudaşlyk bildirmek üçin, ýörite Aşgabada gelipdiler.