Söýünow: Suwaldylan gaz problemany çözmeýär

Lebap, gaz kompressor stansiýasy

Ýaponiýanyň "Kawasaki" konsorsiumy we Türkiýäniň “Ronesans" firmasy Türkmenistanyň «Owadan» diýen ýerinde uly gaz işläp bejerýän zawod gurýar diýip, «Trend» habar gullugy türkmen metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň resmi maglumatyna görä, bu zawodda tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndüriler.

Bu proýekt «Türkmengaz» döwlet konserniniň tabşyrygy esasynda amala aşyrylýar.

Häzirki pursatda gaz işläp bejerýän zawod üçin Gündogar-Günbatar içerki geçirijisinden 304 kilometre turbalaryň çekilýändigi aýdylýar.

Bu zawod kämil gaz arassalaýjy tehnologiýalar düzüminiň gurulmagy bilen tebigy gazy suwuk ýangyjy öwürmeli we soňra ondansinez-gazyň, metanolyň öndürilmegine, ahyrynda benzin çykarylmagyna şert döretmeli.

Bu proýektiň jemi bahasynyň $1.7 milliard dollardygy aýdylýar.

Täze gaz işläp bejerýän zawod ýapon tarapynyň maýasy we «Türkmengaz» döwlet konserininiň maliýeleşdirmegi esasynda gurlar diýip, resmi maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanyň ozalky wise-premýeri, ozalky nebit-gaz ministri Nazar Söýünow bu proýekt baradaky pikiri soralanda, ýapon firmalarynyň Türkmenistanda maýa ýatyrmaga öňräkden bäri gyzyklanýandygyny gürrüň berdi.

Ýöne ol Ýaponiýanyň suwuk gaz ulanýandygyny, şu sebäpden olaryň mundan öň Türkmenistanda tebigy gaza däl-de, suwuk gaza maýa ýatyrmaga razy bolandyklaryny aýdýar.

Söýünowyň sözlerine görä, suwuk gazyň ýyladyş ukyby tebigy gaza garanda iki ýarym esse kän, emma bahasy gymmat, çykdajysy bolsa az.

Ol Ýaponiýanyň portlarynda şeýle gazlaryň ýörite ýasalan termoslara gaplanyp goýlandygyny we soň olaryň gaz görnüşine geçirilip, gerek ýerinde ulanylýandygyny aýdýar.

Nazar Söýünowyň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazow 1990-njy ýyllaryň başynda ýaponlar bilen şeýle proekt üstünde işlemäge rugsat berýär, Ýaponiýanyň daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bu proýekti maliýeleşdirmäge razy bolýar. Emma soň Nyýazow häzirlikçe bu işi etmezlik pikirine gelýär.

Netijede, ozalky türkmen ministriniňsözlerine görä, ýaponlar şeýle zawody Katarda gurmagy karar edýärler. Ol bu proektiň bahasynyň şol wagt 1 milliard 800 million dollar bolandygyny aýdýar.

Şol bir wagtda, Söýünow häzir Türkmenistanda gazy suwaltmagyň ýurduň energiýa diwersifikasiýasy meselelerini çözüp bilmejekdigini, sebäbi munuň ýönekeý suwaldylan gazdygyny, onuň demirýol bilen sisternalarda aňryk-bärik iberilmeginiň mümkindigini, emma ykdysady planda Türkmenistanyň problemasyny çözmejekdigini aýdýar.