Özbegistan: Garaşsyzlyk şowhunlary peseldildi

Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow. 10-njy iýul, 2015 ý.

1-nji sentýabrda Özbegistan Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny almagynyň 25-nji ýyl dönümini belleýär. Bu dabara Özbegistany dolandyrýan prezident Yslam Kerimowyň ýagdaýy barada halk arasynda nätakyklyk dowam edýän mahaly geçirilýär.

28-nji awgustda özbek hökümeti Kerimowyň keselhana düşendigini yglan edeli bäri onuň saglyk ýagdaýy barada resmi taýdan maglumat berilmeýär. Bu bolsa, öňki sowet respublikasy öz garaşsyzlygyny alany bäri ýurduň ýeke täk ýolbaşçysyny çalyşmak ugrunda gizlin tagallalaryň dowam edýändigi barada spekulýasiýalary güýçlendirdi.

Käbir tassyklanmadyk we esaslandyrylmadyk media maglumatlarynda Kerimowyň 29-njy awgustda ýogalandygy öňe sürülýär.

Emma Kerimowyň kiçi gyzy Lola Kerimowa-Tillýaýewa 31-nji awgustda sosial mediada beren maglumatynda 78 ýaşyndaky kakasynyň diridigini we onuň saglygynyň gowulaşyp biljekdigini aýtdy.

Kerimowyň 1-nji sentýabrda Daşkentde Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek uly konsert dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýardy.

Emma şol konsert çäresi ýatyrylyp, 1-nji sentýabrda geçiriljek beýleki dabaralaryň gerimi hem çäklendirildi.

31-nji awgustda giçlik Özbegistanyň döwlet telewideniýesiniň alyp baryjysy Garaşsyzlyk güni mynasybetli adatça prezident Yslam Kerimow tarapyndan edilýän gutlag çykyşynyň mazmunyny beýan etdi.